Ï Daşoguz welaýatynyň teatrynyň sahnasynda täze oýun goýuldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň teatrynyň sahnasynda täze oýun goýuldy

view-icon 3213

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli, Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary teatr sungatynyň iň ýaş muşdaklary üçin sowgat taýýarlady.

Dostluk, arkalaşyk we özara goldaw hakda gürrüň berýän “Azaşan owlajyk” atly täze sazly oýun meşhur türkmen ýazyjysy we dramaturgy Hemra Şirowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyryldy. Oýnuň režissýory – Guwanç Baýmedow.

Jadyly ertekide wakalaryň ýaýbaňlanyşyny synlamak çagalar üçinem, ulular üçinem gyzykly bolar. Sahnada biri-birinden düýpden tapawutly alty keşp bar – mekir garga, möjek, çakgan owlak we başgalar. Olaryň hersiniň öz häsiýeti we dostluga bolan garaýşy bar. Şeýle-de bolsa, kynçylyk ýüze çykanda, gahrymanlar biri-birini halas etmäge howlugýarlar.

– Biz Hemra Şirowyň eserini sahnalaşdyrmak üçin saýladyk, çünki ol terbiýeleýjilik häsiýete eýedir – diýip, oýnuň režissýory Guwanç Baýmedow aýtdy. –Çagalar biziň geljegimizdir. Olary gowy we hoşniýetli edebiýat bilen terbiýelemelidiris. Öz gezegimizde, bizem wakalaryň bolup geçýän Garagum sährasynyň durkuny teatr sahnasynda bermäge synanyşdyk. Munuň üçin ýörite bezegler döredildi. Şeýle hem, munuň üstüni ajaýyp saz täsiri bilen ýeirmek üçin, häzirki zaman ses enjamlary ulanyldy.

Ýakyn wagtda çagalar üçin döredilen täze oýun teatryň hemişelik repertuarynda özüne laýyk orun alar.