mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ýurdumyzda güýz paslynyň salkyn günlerine we käbir ýerlerde ýagyş ýagmagyna garaşylýar

view-icon 1061
Ýurdumyzda güýz paslynyň salkyn günlerine we käbir ýerlerde ýagyş ýagmagyna garaşylýar

Sentýabryň soňky hepdesi şemally we ýagyşly boljaga meňzeýär. Türkmenistanda howanyň ortaça temperaturasy +33 gradus bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly, hepdäniň başynda salkyn howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +23… +25, gijelerine +12…+14 gradus bolar. Hepdäniň ikinji ýarymynda howa gündizleriine +31 gradusa çenli gyzar, gijelerine bolsa +19 gradusa çenli peseler. Dynç günleri ýagyş ýagmagy ähtimal.

Ahal welaýatynda güneşli we şemally howa bolar. Howa gündizlerine +21… +26, gijelerine +10… +15 gradus bolar. Hepdäniň ortasyndan howanyň gündelik temperaturasy + 33 gradusa çenli ýokarlanar.

Balkan welaýatynda şemally we ýagyşly howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +28… +33, gijelerine +11… +16 gradus bolar.

Mary welaýatynyň ilatyna güneşli, ýöne salkyn howa garaşýar. Howa gündizlerine +21… +32, gijelerine +14… +19 gradus bolar. Aram şemal öwüsmegi mümkin.

Lebap welaýatynda açyk, şemally howa bolar. Howa gündizlerine +22…+32, gijelerine +12… +17 gradus bolar.

Daşoguz welaýatynda ýagynly we şemally howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +17… +29, gijelerine +5… +10 gradus bolar. Hepdäniň ahyryna golaý howanyň gijeki temperaturasy +15 gradusa çenli ýokarlanar.