mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

А.Aşirow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesine saýlanyldy

view-icon 7568

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

A.AŞIROW hakynda

Allaberdy Aşirowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 29-njy sentýabry.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Sapardurdy Toýlyýewi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň umumy ýygnagynyň 2022-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda çykaran 9/1 belgili çözgüdi tassyklanyldy.

* * * 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Allaberdy Aşirowy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesine saýlamak hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň umumy ýygnagynyň 2022-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda çykaran 9/2 belgili çözgüdi tassyklanyldy.