Ï Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar

view-icon 3793

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Jenap Prezident!

Sizi we Türkmenistanyň halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlaýaryn.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 30 ýyldan gowrak mundan ozal ýola goýuldy. Şol geçen döwürde biziň köptaraplaýyn gatnaşyklarymyz syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda yzygiderli ösdürildi. Germaniýa mundan beýläk-de Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolar hem-de onuň ýurdy ykdysady taýdan döwrebaplaşdyrmak, demokratik ösüş ýoly boýunça ädýän ädimlerini goldar.

Size we Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Frank-Walter ŞTAÝNMAÝER,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we ýurduňyzyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.

Şu ýyl iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Oňyn gatnaşyklar esasy ählumumy wehimleri bilelikde çözmegiň şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň Bretton-Wud düzümlerindäki hyzmatdaşlygymyza aýratyn ýokary baha berýärin.

Size we Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Inýasio KASSIS,

Şweýsariýa Konfederasiýasynyň 

Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de üstünlik, rowaçlyk arzuw edýärin.

Meniň iň gowy arzuwlarymy, hakyky dostluk we hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mohammed bin Zaýed 

AL NAHAÝÝAN,

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Sizi we türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Bilelikdäki tagallalarymyz bilen halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine Ermenistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga hem-de giňeltmäge ýardam etjekdigimize ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Waagn HAÇATURÝAN,

Ermenistan Respublikasynyň 

Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi we türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size we Türkmenistanyň halkyna şatlykly baýramy arzuw edýärin hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna umyt edýärin.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Size we Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk, bagt, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Haji Hassanal Bolkiah,

Bruneý Darussalam Döwletiniň Soltany.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň berkidilmegine itergi berjekdigine ynanýaryn. Dostluk we birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn işewürlik, ruhy-medeni, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Siziň bilen bilelikde ähli zerur tagallalary etmäge taýýardyryn.

Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, asylly başlangyçlaryňyzda üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

Iň gowy arzuwlar bilen,

Alihan SMAILOW,

Gazagystan Respublikasynyň 

Premýer-ministri.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mohammed bin Salman bin Abdelaziz AL SAUD,

Saud Arabystany Patyşalygynyň 

Mirasdüşer Şazadasy, 

Ministrler Kabinetiniň Başlygy.


* * *


Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Size we türkmen halkyna gutlaglarymy ýollaýaryn.

Şu ýyl ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasynda berk we özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Netijeli hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirjekdigimize ynanýaryn.

ÝHHG sebitinde we onuň çäkleriniň daşynda wehimleriň yzygiderli dowam edýän döwründe ysnyşykly gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin täze mümkinçilikler ýüze çykýar. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Merkezi Aziýada hem-de ÝHHG sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyr. Geljekki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Siziň bilen Wenada ýa-da Aşgabatda duşuşmagy özüm üçin uly hormat hasaplaýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, türkmen halkyna bolsa gülläp ösüş we howpsuzlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmek bilen, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Hormatlamak bilen,

Helga Mariýa ŞMID,

Ýewropada Howpsuzlyk we 

Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 

Baş sekretary.


* * *


Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistana bu guramanyň möhüm ähmiýetli agzasy hökmünde garaýandygyny tassyklamak isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Husraw NOZIRI,

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.


* * *


Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, 

çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident!

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň adyndan we hut öz adymdan Size milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady ulgamlarda we döwlet durmuşynda ägirt uly üstünlikleri gazanyp, ýurduň durnukly, okgunly ösüşi üçin oňaýly şertleri döretdi. Hemişelik Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli, netijeli daşary syýasaty alyp barmak bilen, Türkmenistan halkara bileleşikde möhüm orny eýeleýär. Häzirki döwürde türkmen döwleti Merkezi Aziýada bolşy ýaly, ählumumy derejede toplumlaýyn wezipeleriň özara kabul ederlikli çözgütleriniň tapylmagyna uly goşant goşýar.

Biz Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitiniň öňünde durýan wezipeleriň oňyn çözülmegine berýän goldawyna hem-de goşýan goşandyna ýokary baha berýäris. Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn. Biz Siziň ýurduňyzyň hem, tutuş sebitiň hem gülläp ösmegine gönükdirilen oňyn özgertmelere ýardam bermäge hemişe taýýardyrys.

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, durnuklylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

Natalýa GERMAN,

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy.


* * *


Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan 

Serdar Berdimuhamedow!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Dünýä bileleşiginiň döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlygy esasy ugur edinýän Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, halkara gatnaşyklaryň ösdürilýän merkezi hökmünde ykrarnama eýe boldy. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda ykdysadyýetde, durmuş we jemgyýetçilik-syýasy ulgamda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy ýurduň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini, halkyň abadançylygyny üpjün etmäge ýardam berdi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda integrasiýa meselelerine berýän ünsüňiziň Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, köptaraply döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Sergeý LEBEDEW,

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary.


* * *


Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagt, doganlyk türkmen halkyna bolsa gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Turki bin Mohammed bin Fahad bin ABDULAZIZ,

Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy.


* * *


Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Size we ähli türkmenistanlylara Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.

Ähli halklara agzybirlik, jebislik we parahatçylyk dileg edýärin.

FRANSISK,

Rim Papasy.


* * *


Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Şu şatlykly günde Watanym Türkmenistanyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim we beýleki ugurlarda ýeten derejesini aýratyn buýsanç bilen bellemek isleýärin.

Demokratik, açyklyk, adalatlylyk ýörelgeleri esasynda geçen saýlawlaryň netijesinde Siz türkmen döwletine we halkyna baştutanlyk etmek bilen, Gahryman Arkadagyň döredijilikli syýasatyny dowam edýärsiňiz, ýurdy ösüşiň we abadançylygyň, halkara giňişlikdäki ornuny, bütin dünýädäki abraýyny pugtalandyrmak ýoly bilen ynamly öňe alyp barýarsyňyz.

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda öňde goýlan ähli wezipeleriň ýerine ýetiriljekdigine, geljekki ýyllarda ösüşiň strategik maksatlaryna ýetiljekdigine ynanýaryn. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň öňe okgunly hereket etmegine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyryn. Siziň bilen duşuşmaga örän şatdygymy ýene-de nygtamak isleýärin.

Şeýle-de öz mähriban watandaşlaryma — türkmenistanlylara tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Oleg KONONENKO,

Türkmenistanyň we 

Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, tälimçi, kosmonawt-synagçy, 

“Roskosmos” döwlet 

korporasiýasynyň kosmonawtlar 

toparynyň serkerdesi.