Ï Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna

view-icon 4879

Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!

Gadyrly watandaşlar!

Sizi dünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem giňden bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen bu halkara baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban halkymyzy hem-de ýaşuly nesillerimizi uly üstünliklere ruhlandyryp, eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Ýaşululara hormat-sarpa goýmak, mertebesini belent tutmak asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçip gelen asylly ýörelgämiz bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ony mynasyp dowam etdirýäris. Joşgunly toýdur baýramlarymyzyň gelşigi, döwletli törlerimiziň, bagtyýar zamanamyzyň ýaraşygy bolan paýhasly gojalarymyzyň, mähriban enelerimiziň geçen ömür menzillerinde toplanan baý durmuş ýollary, kämil düşünjelere, päkize garaýyşlara ýugrulan öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary ýaş nesiller üçin tapylgysyz mekdepdir.

Ýaşulularyň halkara güni biziň düýnümizi, şu günümizi hem-de geljegimizi, döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan baýramdyr. Bu halkara baýramçylyk ýaşuly nesillerimiziň Watan öňünde bitiren hyzmatlaryny, döwletimiziň berkararlygyny, agzybirligimizi pugtalandyrmakda çeken zähmetini ykrar etmegiň aýdyň nusgasydyr. Şoňa görä-de, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Ýaşulularyň halkara gününiň dabaralary aýratyn many-mazmuna, belent ruhy joşguna eýe bolýar. Dilleri senaly ýaşuly nesillerimiziň hormatyna paýtagtymyz Aşgabatda, Garaşsyz Diýarymyzyň ähli obadyr şäherlerinde baý mazmunly medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär. Bu halkara baýramyň ajaýyp wakalary, ýatdan çykmajak pursatlary il sylagly ýaşulularymyzy, mähriban enelerimizi, ähli watandaşlarymyzy täze taryhy döwürde beýik maksatlarymyzyň töweregine has-da mäkäm jebisleşdirýär, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda yhlasly, tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Mähriban halkym!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyza laýyklykda, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrundaky syýasatymyzy üstünlikli amala aşyrýarys. Ata-babalarymyzyň «Garryly öý — gaznaly öý», «Garry — öýüň sütüni», «Ulusyny sylan beg bolar, begini sylan — ýeg» ýaly çuňňur manyly jümlelerinden ugur alyp, ýaşuly nesillerimiziň durmuş taýdan goraglylygy we abadançylygy hakynda uly alada edýäris. Kabul edilen döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýaşuly nesillerimiziň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris.

Biz Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň esaslaryny berkidýän we kuwwatlandyrýan işlerimize, döwlet derejesindäki çärelere, täze desgalaryň açylyş dabaralaryna, bugdaý oragy, pagta ýygymy, ekiş ýaly il-günümiziň rysgal-berekedi bilen bagly wajyp işlere, toý-baýramlarymyza ýaşulularymyzyň ak patasy bilen badalga berýäris. Agzybirligimizi, jebisligimizi berkitmekde, ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň ruhunda terbiýelemekde, ruhubelentlik, halallyk, kalby päklik, jomartlyk, danalyk, adalatlylyk, danyşmentlik, suhanwerlik, sabyrlylyk, myhmansöýerlik ýaly, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli häsiýetlerimizi kemala getirmekde bitiren ägirt uly işleri, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine çeken döredijilikli zähmeti hem-de nusgalyk işleri üçin ýaşuly nesliň wekillerine — dana gojalarymyza Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakýarys. Biziň alyp barýan syýasatymyzyň, berkarar eden abadan we bagtyýar durmuşymyzyň, abraý-mertebämiziň gözbaşynda adamzat taryhynyň bütin dowamynda parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini ileri tutýan, beýik taryhy, medeniýeti döreden halkymyzyň milli däplerine, Oguz han, Gorkut ata, Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetlerimiziň öwüt-ündewlerine bolan ygrarlylyk durandyr.

Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!

Gadyrly watandaşlar!

Sizi Ýaşulularyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde rowaçlyklary arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.