mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar

view-icon 1394

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Serbiýa Respublikasynyň raýatlarynyň adyndan hem-de hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy, ýurduňyza hemmetaraplaýyn ösüş, halkyňyza bolsa abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Serbiýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine özara düşünişmek we hormat goýmak esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynanýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Aleksandr Wuçiç,

Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Maldiwler Respublikasynyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş arzuw edýärin.

Ibragim Mohamed Solih,

Maldiwler Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Dostlukly Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Bahreýn Patyşalygynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, türkmen halkyna bolsa Siziň parasatly baştutanlygyňyzda mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Hamad bin Isa AL Halifa,

Bahreýniň Patyşasy.