mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Aşgabatda «Ýeri bilelikde gorap saklalyň!» atly howa we ekologik festiwal geçiriler

view-icon 1170
Aşgabatda «Ýeri bilelikde gorap saklalyň!» atly howa we ekologik festiwal geçiriler

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellemek babatyndaky çäreleriň çäginde Aşgabatda geçiriljek «Ýeri bilelikde gorap saklalyň!» atly ilkinji howa we ekologik festiwala çagyrýar.

Türkmenistanyň ýaş ekologik işjeňleriniň höwesli gatnaşmagynda gurnalan bu çäre 9-njy oktýabrda, ýekşenbe güni sagat 15:00-dan 20:00-a çenli «Ak altyn» («Kaktus») myhmanhanasynyň eýwanynda geçiriler.

Festiwalyň maksady planetamyza howp salýan iň wajyp howa meselelerini aýdyňlaşdyrmak we jemgyýeti Türkmenistanda howanyň üýtgemegine gözegçilik etmek hem daşky gurşawy goramak boýunça işlere höweslendirmekdir. Ähli ýaşdakylar üçin açyk bolan bu festiwalyň maksatnamasy göni ýaýlymda çykyşlary, çagalar üçin ekologiýa taýdan arassalyk baradaky kämilleşdiriş dersleri, gün batareýleriniň sergisini, «Kim bilmeşek» we gyzykly oýunlary, aýdym-sazly tansy, çagyrylan çykyşlaryny, şeýle hem Deýwid Attenboronyň «Planetamyzdaky durmuş» atly meşhur filminiň görkezilişi ýaly köp sanly gyzykly çäreleri öz içine alar.

Bu çäreler has köp adama ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmäge, oňa garşy göreşde her kimiň öz şahsy goşandyny aňlamagyna kömek etmek üçin geçirilýär. Ol wagtyňy hoş geçirmek, täze adamlar we pikirler bilen tanyşmak, öz tejribäňi paýlaşmak üçin ajaýyp pursat bolar. Festiwala giriş mugt, ýöne oňa gatnaşjaklardan giriş tölegi hökmünde adambaşyna ulanylan bir plastik çüýşe getirmek haýyş edilýär.