Ï GDA giňişliginde hyzmatdaşlyk ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

GDA giňişliginde hyzmatdaşlyk ösdürilýär

view-icon 4173
GDA giňişliginde hyzmatdaşlyk ösdürilýär
GDA giňişliginde hyzmatdaşlyk ösdürilýär
GDA giňişliginde hyzmatdaşlyk ösdürilýär
GDA giňişliginde hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Russiýa döwlet federal habarlar agentligi TASS, şu ýylyň oktýabr aýynda GDA ýurtlaryndan foto habarçylary, noýabrda bolsa žurnalistler üçin maslahat geçirmegi göz öňünde tutýar.

Bu barada GDA agza döwletleriň edaralarynyň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň Minskide geçirilen mejlisinde habar berildi. Bu mejlise Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nazarguly Şagulyýew wekilçilik etdi.

2023- nji ýyl hem GDA ýurtlarynyň Döwlet habarlar agentlikleriniň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri hem-de foto habarçylary üçin 2 gezek okuw-türgenleşigini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşi hereket edýär. 2004-nji ýylda habarlary alyşmagyň derejesini we netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Milli habarlar agentlikleriniň assosiasiýasyny (MHAA) döretmek barada Ylalaşyk kabul edilipdi.

Şu ýyl Milli habarlar Geňeşi Arkalaşygyň çäklerinde geçirlýän möňüm çäreleri beýan etmäge işjeň gatnaşýar.

Mejlisde Geňeşiň toplan iş tejribesiniň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ýardam etjekdigi, onuň işiniň bolsa GDA gatnaşyjy ýurtlaryň medeni ulgamda, Arkalaşyk üçin anyk we umumy ähmiýetli netijeleri gazanmaga ýardam etjek täze görnüşleri we usullary gözlemekde geljekki özara gatnaşyklaryna gönükdirilendigi bellenildi.

Hemişelik wekiller şeýle hem 2011-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda gol çekilen erkin söwda zolagy hakda Şertnamanyň durmuşa geçirilişine garadylar. Ol ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň, özara söwdany päsgelçiliksiz ösdürmegiň hatyrasyna ykdysadyýetiň durnukly ösüşi üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.