mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Halkara saz gününe bagyşlanan dabara dutar sazy bilen başlandy

view-icon 2509

camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Oktýabryň ilkinji güni tutuş adamzat Halkara saz gününi belleýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bu sene mynasbetli, şeýle hem Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nikolaý Artýomowiç Amiýansa bagyşlanyp konsert geçirildi.

Dabara Türkmenistanyň at gazanan artisti Osman Güjümowyň dutarda «Şirin-şeker» halk sazyny çalmagy bilen açyldy.

Dabarada Haçaturýanyň, Listiň, Musorgskiniň, Swiridowyň, Rahmaninowyň we beýleki kompozitorlaryň meşhur eserleri ýaňlandy.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow hemişekisi ýaly Ferens Listiň “Ptrakanyň soneti” eserini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibijemal Amanowa bilen Amangeldi Amanowyň ýerine ýetiren Rujero Leonkawallonyň «Oýunbazlar» dramatik eserinden bölegi diňleýjileriň göwnünden turdy.

Dabara oňa gatnaşan wokalçylaryň ählisiniň bilelikde Çary Nurymowyň «Toý aýdymyny» ýerine ýetirmekleri bilen jemlendi.