Ï Çagalaryň arasynda küşt bäsleşikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalaryň arasynda küşt bäsleşikleri

view-icon 4118

Türkmenistanyň Küşt Federasiýasynyň ýolbaşçysy Wepa Mälikgulyýewiň aýtmagyna görä, diplomatlar we olaryň maşgala agzlay üçin Halkara küşt ýaryşy tamamlanandan soňra hem türkmen küştçileri dürli derejlei – milli we halkara ýaryşlarynyň birnäçesine gatnaşdylar.

8-14-nji awgust aralygynda Stambulda, Türkiýäniň Küşt federasiýasynyň guramagynda «2022 International Istanbul Chess Open» ady bilen halkara ýaryşy gurnaldy. «A» derejedäki ýaryşa gatnaşan 8 ýurtdan 71 türgeniň arasynda çykyş eden türkmen küştçisi Meýlis Annaberdiýew alty oýunda utup, üçüsini deň jemledi we mümkin bolan 9 utukdan 7,5 utuk toplap ýaryşda birinji orny eýeledi.

27-nji sentýabrda Gruziýanyň Batumi şäherinde geçirilen kiçi ýaşly çagalaryň arasynda küşt boýunça Dünýä çempionatyna ýaşajyk türkmenistanlylar-da gatnaşdylar. Türkmen küştçilerinden Jahan Rejebowa ýaşy 12-ä çenli gyzjagazlaryň arasynda mümkin bolan 11 utukdan 7 utuk toplap, ýaryşa gatnaşan 101 sany ýaşajyk küştçiniň arasynda 14-19-njy orunlary paýlaşdy.

Beýleki ýaş toparlarynda ýurdumyza wekilçilik eden Mahmyt Meredow ( ýaşy 8-e çenli bolan oglanjyklar toparynda), Rauf Ýusupow ( ýaşy 10-a çenli bolan toparda), Gurbanmyrat Rustemow ( ýaşy 12-ä çenli bolan toparda), Zalina Iminowa (ýaşy 8-e çenli gyzjagazlar toparynda) we Nurana Söýünowa ( ýaşy 10-a çenli bolan toparda) hem mynasyp oýnap, gowy netije görkezdiler. Halkara Küşt Federasiýasynyň (FIDE) howandarlygynda geçirilen dünýä birinijiligine 69 ýurtdan 750-ä golaý ýaşajyk intellektual oýun ussatlary gatnaşdylar.

24-26-njy sentýabr aralygynda paýtagtymyzyň Küşt-şaşka mekdebinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp, şu mekdebe gatnaýanlaryň arasynda küşdi çalt oýnamak (rapid) boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşda ikinji sport derejeli gyzjagazlaryň arasynda Arzygül Mahmydowa mümkin bolan 7 utukdan 7, ikinji sport derejeli oglanjyklaryň arasynda Arslan Gurbanberdiýew mümkin bolan 7 utukdan 6, Merýem Agajanowa birinji sport derejeli gyzlaryň arasynda mümkin bolan 7 utukdan 4,5, birinji sport derejeli ýetginjekleriň arasynda Amanmuhammet Hommodow 7 utukdan 5 utuk bilen ýeňiş gazandylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Küşt Federasiýasynyň başlygy ata Watanymyzda sporty ösdürmek barada alyp barýan paýhasly syýasaty üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hoşallyk bildirdi.