Ï ÝHHG-niň Aşgabatdaky Metbugat sowatlylygy boýunça merkeziniň maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Metbugat sowatlylygy boýunça merkeziniň maslahaty

view-icon 5665

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Metbugat sowatlylygy boýunça merkeziniň onlaýn maslahaty başlandy. Ol Türkmenistanyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary babatyndaky Milli Hereket meýilnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşýan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri üçin niýetlenendir.

Maslahata gatnaşýanlar iki günüň dowamynda halkara we milli hünärmenler bilen bilelikde metbugat sowatlylygynyň aýratynlyklaryny, onuň esasy elementlerini ara alyp maslahatlaşarlar, metbugat sowatlylygy boýunça taslamalary we onuň ösüş infrastrukturasyny ara alyp maslahatlaşarlar. Maslahat gatnaşyjylar esasy gurallar we fakt barlagynyň görnüşleri boýunça bilimlerini artdyrarlar, maglumat barlamak we onuň ýörelgeleri barada köp zat öwrenerler.

Türkmenistanda metbugat sowatlylygyna we onuň öňünde goýlan wezipelere ýörite sessiýa bagyşlanar.

Ilatyň metbugat we maglumat sowatlylygyny emele getirmek dünýäniň köp ýurdunda syýasatda hem amalda depginli ösýän täze bir iş ugrudyr. Sebäbi maglumat gurşawynyň çalt üýtgemegi we maglumat möçberiniň artmagy adamlaryň aňyna hem özüni alyp barşyna, bütin durmuşyna barha güýçli täsir edýär.

Metbugat sowatlylygy adamlara, şeýle hem jemgyýetçilik guramalaryna we edaralara tehnologik, ykdysady hem durmuşy meseleleri çözmäge kömek etmek bilen, oňaýsyz täsirlerden goranmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda metbugat we maglumat sowatlylygy diňe bir aragatnaşyk hem maglumat tehnologiýalaryna eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem hünär, bilim we jemgyýetçilik işleriniň dürli ugurlarynda tankydy pikir ýöretmek, maglumatlardan many çykarmak we olary düşündirmek endiklerini öz içine alýar.