mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde guruljak metjidiň taslamasyna garaldy

view-icon 2333
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde guruljak metjidiň taslamasyna garaldy
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde guruljak metjidiň taslamasyna garaldy
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde guruljak metjidiň taslamasyna garaldy
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde guruljak metjidiň taslamasyna garaldy

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna gözegçilik edýän ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda täze guruljak metjidiň ýerleşjek ýeri kesgitlenildi.

Hormatly Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerine iş saparlaryny amala aşyryp, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli işler bilen ýerinde tanyşýar we olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenýär.

Häzirki wagtda täze merkezde gurluşyk işleri batly depginlerde dowam edýär. Şunda ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalardaky işleriň ýokary hil derejesinde alnyp barylmagyna, olaryň öz wagtynda tamamlanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy merkeziň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze metjidiň binasy, onuň bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly taslamalar hem-de täze metjidiň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary bilen tanyşdyrdylar.

Türkmen halky öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny asyrlarboýy saklap we gorap gelýär. Yslam dini halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir diýip bellemek bilen, hajy Arkadagymyz bu ýerde bina ediljek metjidiň gurluşygy bilen baglanyşykly taslamalary hem-de çyzgylary synlap, türkmen halkynyň asylly ýörelgelere ygrarlydygyny alamatlandyrýan ähli gurluşyk işleriniň häzirki zamanyň ösen talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi.

Hormatly Arkadagymyz häzirki döwürde jemgyýetiň azatlygyny, halkymyzyň erkin we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň özygtyýarly döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, täze metjidiň merkeziň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmeginiň, onuň ýanaşyk ýerleriniň talabalaýyk abadanlaşdyrylmagynyň wajypdygyny belledi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatynda döwrebap metjitler gurlup ulanmaga berildi. Sahawatly Ahal topragynda täze metjidiň gurulmagy gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň we ösdürilýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr. Yslam dini adamlary halallyga, ynsanperwerlige, päk ýüreklilige, ýagşylyga çagyrýar. Şoňa görä-de, sogap işleriň amal bolýan ýeriniň — metjidiň gurluşygyna döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýär. Hajy Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, metjidiň gurluşygyna, onuň mährabynyň ýerleşjek ýerini kesgitlemäge din wekilleri hem-de il sylagly ýaşulular bilen maslahatlaşyp başlanmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Şunda metjidiň içki bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigi, gurluşykda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň hil derejesiniň, amatlylygynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigi bellenildi.

Ýakynda ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň Ýaponiýada iş saparynda bolandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ýurduň gurluşyk-binagärlik babatda ösen tejribesiniň, şeýle-de ylmyň gazananlarynyň we bu ugur boýunça sanly ulgamyň Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygynda işjeň ulanylmagynyň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde, türkmen topragynda bina edilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda täzeçil usullardan peýdalanmagyň zerurdygy nygtaldy.

Taryhyň dowamynda türkmen halky dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşmak bilen bir hatarda, halkymyzyň milli binagärlik ýörelgelerini hem ösdüripdir. Şunda “Allanyň öýi” hasaplanýan metjitleriň gurluşygyna möhüm ähmiýet berlipdir diýip, hajy Arkadagymyz häzirki döwürde binagärligiň milli ýörelgeleriniň ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de obalarynyň keşbinde öz beýanyny tapýandygyny, bina edilýän täze obalarda we şäherlerde, ýaşaýyş jaý toplumlarynda metjitleriň gurulmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Hajy Arkadagymyz her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda Hatyra gününiň bellenilýändigini aýdyp, 7-nji oktýabrda bolsa merkezde täze guruljak metjidiň ýerleşjek ýeriniň kesgitlenilmegi mynasybetli, özüniň ýazan kitaplary üçin düşen galam hakynyň serişdeleriniň hasabyna toý sadakasynyň beriljekdigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz toý sadakasynyň berilmeginiň ägirt uly başlangyçlaryň amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn çemeleşilýändigini, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, ruhy gymmatlyklaryň dowamatlylygyny alamatlandyrýandygyny nygtady. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalaryň, döwletli tutumlaryň hormatyna toý sadakalarynyň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa beýik maksatlaryň üstünliklere beslenmeginde örän möhümdir.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň binýady bolup durýandygyny aýtdy we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň ýolbaşçylaryna giň möçberli işleri durmuşa geçirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.