mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

view-icon 3540
Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Şu gün — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralaýarlar. Paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Aýratyn ähmiýetli seneleri bilelikde bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpdir. Nesilleriň bu agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemezdir. Halkymyza mahsus bolan ruhubelentlik bilen birlikde, şeýle jebislik ähli kynçylyklary, ýitgileriň yzasyny ýeňip geçmäge hemişe kömek edipdir. Türkmen halkynyň taryhynda şeýle wakalar ençeme gezek bolup geçipdi. Mähriban topragymyza çäksiz söýginiň, agzybirligiň, öz güýjüňe bolan ynamyň, durmuşy söýmegiň netijesinde türkmen halky agyr ýitgilere sezewar bolanda-da, kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdyr.

Hakyda geçmişi we häzirki döwri baglanyşdyryp, türkmenistanlylaryň täze nesline ýagty geljege tarap ynamly öňe gitmäge, halkymyzyň gahrymançylykly ýoluny dowam etdirmäge ýardam berýär. Ýadygärlikler toplumynyň öňünde ýertitremede gurban bolan aşgabatlylaryň hem-de söweşlerde wepat bolan esgerleriň hakydasyna ýatlama çäreleri geçirilýär.

Biz şu gün — pajygaly Aşgabat ýertitremesiniň 74 ýyllygynda 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijesinde şehit bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralaýarys. Tebigy betbagtçylyk 170 müňden gowrak adamyň ömür tanapyny kesdi, türkmen paýtagtyny weýran etdi. Şol pajygaly wakadan bäri näçe ýyl geçse-de, mähribanlary hem-de ýakynlary baradaky hakyda nesilleriň ýüreklerinde baky ýaşaýar, ýitgileriň yzasy hiç haçan aýrylmaýar.

Ir bilen ildeşlerimiziň müňlerçesi paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän hem-de gaýduwsyz gahrymanlara uly sarpa, türkmen halkynyň öz geçmişine hormat goýmagynyň özboluşly nyşany bolup durýan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna geldiler.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança gelýär. Döwlet Baştutanymyz Milli goşunymyzyň merdana pederlerimiziň asylly däplerini dowam etdirijileri bolan edermen Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülen ýodadan ýöräp geçýär. Döwletimiz esgerlerimize arassa asmanymyzy, parahatçylygymyzy we Garaşsyzlygymyzy goramagy ynandy.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin “Ruhy tagzym” ýadygärligine gül çemenini goýdy.

Şu pursatlarda pajygaly gijede 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerinde gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni asylly işe — ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan garry atasy Berdimuhamet Annaýewi ýitiren döwlet Baştutanymyzyň hasratyny tüýs ýürekden paýlaşýanlaryň ählisini hakyky duýgudaşlyk gurşap aldy. Bu ýere gelenler hasratly dymmak bilen, ýadygärlige tarap ýöräp ugraýarlar.

Tebigy betbagtçylykda ömür tanapy kesilenler, gurban bolan Watan goragçylary baradaky halk hasratynyň özboluşly sazly senasyna öwrülen gamgyn “Keçpelek” sazy ýaňlanýar.

Bu gün türkmenistanlylar ýene-de bir gezek bilelikde ýitgileriň yzasyny çekýärler we dünýäniň hoşniýetlilik, parahatçylyk üçin döredilendigine ynanýandyklaryny görkezýärler. Ýurdumyzyň häzirki güni nuranadyr, Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, bagtyýar we abadan durmuşyň mekanyna öwrülen ak mermerli paýtagtymyzyň häzirki keşbi ajaýypdyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýan möhüm wezipeleriniň biri hem Aşgabady milli däpleriň we şäher gurluşygynyň öňdebaryjy ýörelgeleri esasynda ösdürmekden ybaratdyr. Giň gerimli taslamalar şu maksada ýetmäge gönükdirilendir. Bu taslamalar bolsa sebitiň hem-de dünýäniň iri işewürlik, ylmy, medeni, sport merkezi hökmünde türkmen paýtagtynyň şan-şöhratynyň has-da artdyrylmagyna ýardam edýär.

Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleriniň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň yzygiderli gurulmagy ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň täze eýýamynyň alamatlarydyr. Amala aşyrylýan özgertmeler Türkmenistanyň ösüşine we rowaçlygyna, ilatymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge, her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de mähriban Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen “Milletiň ogullary” we “Baky şöhrat” ýadygärliklerine güýz gülleriniň çemenlerini goýdy. Türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky synmaz hakydanyň nyşany hökmünde “baky ot” ýanyp dur. Ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda mertlik, harby borja wepalylyk, eziz Watanymyza çäksiz söýgini görkezdiler. Şolaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň hem-de borja wepalylygyň nusgasydyr.

Soňra Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň wekilleri, Aşgabat şäheriniň häkimi gül desselerini goýýarlar. Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem olara goşulýarlar. Sanlyja wagtyň içinde köp sanly gül desseleri ýadygärligiň öňüni örtýär.

Eziz Watanymyz azatlyk, mähriban topragymyzda parahatçylygy üpjün etmek ugrunda şirin janlaryny gurban eden ogullaryny we gyzlaryny hemişe ýatda saklap, dünýäniň halklarydyr döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar. Milletler Bileleşiginde öňe sürülýän başlangyçlar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýolunyň mizemezdigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly Kararnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak barada beýan edilen teklibi bellemek ýerlikli bolar. Bu resminama gurama gatnaşyjy ýurtlaryň ählisiniň gapma-garşylykly ýagdaýlary gepleşikler arkaly çözmäge ygrarlydygyny tassyklamaga gönükdirilendir. Şeýle-de Türkmenistan 2025-nji ýyly “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibi öňe sürdi.

Biziň hakydamyz, ýaşuly nesle bolan çäksiz hoşallygymyz parahatçylygy pugtalandyrmaga, Garaşsyz türkmen döwletiniň okgunly ösmegine, jemgyýetde belent ynsanperwerlik däplerini aýawly saklamaga gönükdirilen anyk işlerde öz beýanyny tapýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sadaka jaýyna gelýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz merdana ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirip, öten-geçenlerimizi, uruşda wepat bolan gahrymanlarymyzy, Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan ildeşlerimizi hatyralamaga «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gelenleriň ählisi bilen mähirli salamlaşýar.

“Biz olaryň ruhlaryna bagyşlap, sadaka berýäris, aýat-töwir edýäris, Hatyra gününde öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap berýän sadakalaryňyz, doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi gurban bolanlaryň hatyrasyna tebärek çykdy.

Asylly däplere laýyklykda, naharlar çekilýär. Bularyň ählisi häzirki nesillere ýol-ýörelge görkezýän parasatly ata-babalarymyzyň asylly däpleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Nahardan soň aýat-töwir okaldy hem-de Hatyra gününde öten-geçenlerimizi ýatlap berlen sadakalaryň, edilen doga-dilegleriň, aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy üçin dileg edildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk höküm sürsün!” diýip, arzuw etdi we sadaka gatnaşýanlaryň ählisine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.

Şu gün “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak çäresi hem-de berlen sadaka parasatly pederlerimiziň däpleriniň dowam etdirilýändiginiň, halkymyzyň ruhubelentligini ýokarlandyrmagyň hatyrasyna nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüldi. Biz öten-geçenleri hemişe ýatlaýarys, Garaşsyz Watanymyzda döretmegiň, parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagyň, zähmet çekmegiň bähbidine güýç-gaýratymyzy gaýgyrmarys.