Ï Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 3745

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine 70 ýaş ýubileýi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Siziň durmuşyňyzyň şeýle ýatdan çykmajak gününde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge uly üns bermegiňiziň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek ýakymlydyr. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhleti göz öňünde tutýan we geljekki mümkinçilikleri nazarlaýan häsiýete eýedir. Biz halklarymyzyň bähbidine bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyrys” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putini ýubileý ýaş toýy bilen ýene-de bir ýola gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Russiýanyň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.