Ï Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna bardy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna bardy

view-icon 5302

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitine gatnaşmak üçin we döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek, bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistan ählumumy gün tertibini wajyp meselelerini çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, ählumumy abadançylygyň bähbidine parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge ägirt uly goşant goşýar.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Astana çenli uçuşy amala aşyryp, Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gondy. Şol ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy.

Uçaryň öňünde belent mertebeli myhmany goňşy döwletiň resmi adamlary mähirli garşyladylar, myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Haly düşülen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler.