Ï GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Mejlisi

view-icon 4797
GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Mejlisi

2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Astana şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky Mejlisine gatnaşdy.

Mejlise Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Daşary işler ministrler 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Astana şäherinde geçiriljek GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Mejlisine taýýarlyk bilen bagly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de halkara we sebit derejesindäki gün tertibiň wajyp ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem, ýakyn wagtda geçiriljek GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Mejlisiniň çäklerinde Döwlet Baştutanlarynyň garamagyna hödürleniljek birnäçe resminamalaryň taslamalary ylalaşydy.

2023-nji ýyl üçin GDA-nyň çäklerinde Daşary işler ministrlikleriň arasyndaky köpugurly geňeşmeleriň Meýilnamasy, GDA agza ýurtlaryň 2021-2030-njy ýyllar üçin Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň Strategiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen 2023-2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasy, 2023-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Milletara aragatnaşyklar dili hökmünde rus diliniň ýylyny geçirmek boýunça Meýilnamasy, GDA agza ýurtlarynyň 2023-2024-nji ýyllar üçin ynsanperwer hyzmatdaşlyk ugrunda ileri tutulýan çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Bulardan başga-da, «Arkalaşygyň sport paýtagtlary» döwletara Maksatnamasy, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ugrundaky birnäçe meseleler ylalaşyldy.

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň indiki Mejlisini 2023-nji ýylyň 14-nji aprelinde Daşkent şäherinde geçirilmegi ylalaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Gazagystan Respublikasyna sapary dowam edýär.