mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Baştutanlarynyň duşuşygyndaky çykyşy

view-icon 1001

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Hormatly wekiliýetleriň agzalary!

Ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!

Şu günki duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň dünýä hem-de sebit gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça döwletlerimiziň üstünlikli ösmeginiň, ykdysady, söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň hem-de çuňlaşdyrylmagynyň, durmuş, ynsanperwer wezipeleri çözmegiň esasy şerti hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek babatda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Soňky wagtlarda dünýä geosyýasatyndaky ýagdaýlaryň tamalary ödemeýändigini gynanmak bilen aýtmaly bolýarys. Munuň özi BMG-niň we beýleki esasy institutlaryň netijeliligine täsirini ýetirýär. Döwletara gatnaşyklaryň many-mazmuny üýtgeýär. Gapma-garşylyklaryň, terrorçylygyň, ekstremizmiň we radikalizmiň howplarynyň çäkleri giňeýär.

Şeýle şertlerde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň ysnyşykly, netijeli gatnaşyklary aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda takyk, utgaşykly syýasy-diplomatik iş, ýörite gulluklaryň ugry boýunça sazlaşykly hyzmatdaşlyk, biziň ýurtlarymyza we raýatlarymyza parahatçylygy, asudalygy, döwlet esaslarynyň berkligine ynamy üpjün etmäge ukyply ygtybarly, uzak möhletleýin gorag gurallaryny döretmek üçin maglumat serişdelerini, jemgyýetçilik institutlaryny herekete getirmek talap edilýär. Şol bir wagtyň özünde bu ugurda halkara guramalarda bilelikdäki işi işjeňleşdirmek, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna hormat goýmak, olary netijeli durmuşa geçirmek işinde jebisligi we bitewüligi gazanmak zerur bolup durýar.

Sebit babatda öňüni alyş çärelerini, bolup biläýjek gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň gurallaryny, munuň üçin bar bolan serişdeleri we tejribäni doly derejede ulanmagy zerur hasaplaýaryn.

Anyk ugurlara ünsi gönükdirmegi teklip edýäris:

Birinjiden, biziň döwletlerimizde ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synaglara garşy durmak;

Ikinjiden, terrorçylyk, ekstremizm wehimlerinden, kiber we biologik howplardan goranmagyň kepilliklerini üpjün etmek;

Üçünjiden, jemgyýetçilik aňyna ýalan düşünjeleriň we ahlak ýörelgeleriniň emeli ornaşdyrylmagyna garşy göreşmek;

Dördünjiden, dünýädäki ýagdaýlaryň umumy çylşyrymlaşmagynyň bolup biläýjek ýaramaz täsirleriniň öňüni almak.

Ýokarda agzalan ugurlarda bilelikdäki işi işjeňleşdirmek maksady bilen, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda altytaraplaýyn geňeşmeleriň iş tertibini kadalaşdyrmagy maksadalaýyk hasaplaýarys. Munuň özi ýörite gulluklaryň, beýleki düzümleriň işine hem degişlidir. Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýokarda sanalyp geçilen wezipelerden ugur alyp, geňeşmeleriň algoritmini we mowzugyny işläp taýýarlamagy tabşyrmagy teklip edýäris.

Owganystandaky ýagdaý halkara gün tertibiniň aýratyn meselesidir. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Owganystandaky ýagdaýlaryň durnuklylygyna deň derejede gyzyklanma bildirýändiklerine ynanýaryn. Parahatçylykly, durnukly, sazlaşykly ösýän Owganystan biziň serhetlerimiziň, raýatlarymyzyň howpsuzlygynyň kepillikleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýy syýasy taýdan kadalaşdyrmak boýunça halkara gurallary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Eýranyň, Hytaýyň, BMG-niň edaralarynyň owgan ugrundaky tagallalaryny goldaýar.

Owganystanyň halkara we sebit ykdysady gatnaşyklaryna goşulyşmagy wajyp meseledir. Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Owganystanyň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň birnäçesiniň başyny başlady. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, Türkmenistandan owgan ugry boýunça çekilen demir ýollar bar. Şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagy arkaly Owganystan ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň strategik mümkinçiliklerine eýe bolup, yklymda baglanyşdyryjy merkez hökmünde özüniň geografik artykmaçlyklaryndan peýdalanyp biler.

Altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde ykdysadyýet ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. Biz bu babatda uly mümkinçilikleri görýäris. Munuň özi, ilkinji nobatda, energetika, senagat kooperasiýasy, dokma senagaty, obasenagat toplumy, logistika, täze tehnologiýalar, sebit söwdasy ýaly ugurlar bilen baglanyşyklydyr. Ýurtlarymyzyň işewürlerini has ysnyşykly hyzmatdaşlyga höweslendirmek zerurdyr. Mümkin, hemişelik hereket edýän «Merkezi Aziýa — Russiýa» işewürler düzüminiň döredilmeginiň başyny başlamak zerur bolar. Onuň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meselelerine garalyp bilner.

Ýurtlarymyzyň çäklerinde ulag gatnawlarynyň we üstaşyr geçirmegiň köpşahaly düzümini gurmak arkaly döwrebap, üstaşyr ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şol ulgamlar dünýä ummanyna çykmak arkaly kontinental Ýewraziýanyň giňişligini öz içine alar. Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak babatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň öňünde açylýan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmaga tagallalary gönükdirmegi zerur hasaplaýar.

Şunuň bilen baglylykda, Russiýadan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindi ummanyndaky deňiz menzillerine çenli Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň işini işjeňleşdirmek meselesine garamak zerurdyr. Öz çäginden Pars aýlagyna, Eýranyň portlaryna we şol ýerden Hindistana gysga ýoly üpjün edýän ýurt hökmünde Türkmenistan bu taslamany durmuşa geçirmäge girişmäge taýýardyr.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk barada-da aýtmak isleýärin. Türkmenistan ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni, ynsanperwer, ylym, bilim, sport, syýahatçylyk ugurly gatnaşyklary ösdürmek we çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda Merkezi Aziýanyň hem-de Russiýanyň halklarynyň medeniýet we sungat festiwalyny guramak barada oýlanmagy teklip edýäris.

Hormatly kärdeşler!

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gün geçirilen mejlisinde GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň işi baradaky maglumaty diňledik. Onda bu möhüm guramanyň işi bilen baglanyşykly esasy ýagdaýlar bellenildi. Bu maglumata goşmaça hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Baştutanlarynyň şu günki sammiti bilen baglylykda, şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýokary derejede birinji “Merkezi Aziýa — Russiýa” Parlamentara forumynyň hem-de biziň ýurtlarymyzyň zenanlarynyň dialogynyň geçirilendigini nygtamak isleýärin. Parlamentara forum şu duşuşygy guramak üçin esas boldy. Ýöne, gynansak-da, şu gün bu wakalar beýan edilmedi. Şeýle forumlaryň geçirilmegi, ilkinji nobatda, biziň hyzmatdaşlygymyzy hem-de özara gatnaşyklarymyzy ösdürmek nukdaýnazaryndan örän derwaýys bolup durýar diýip hasaplaýaryn.

Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine pugta ygrarlydygyny, mundan beýläk-de döredijilikli gatnaşyklara taýýardygyny tassyklamak hem-de şu duşuşyga gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň her birine bu işe uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

(Astana ş, 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabry)