Ï Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

view-icon 6773
Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi
camera-icon
akorda.kz

Şu gün «Akorda» köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Özara ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan kuwwaty hem-de uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen, onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar.

Taraplar şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ýokary derejeli gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Resminama gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.