Ï Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň aýgytly ähmiýetini belläp geçdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň aýgytly ähmiýetini belläp geçdi

view-icon 4413
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň aýgytly ähmiýetini belläp geçdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitinde eden çykyşynda häzirki zaman şertlerinde Merkezi Aziýa we Russiýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň aýgytly ähmiýete eýe bolýandygyny aýtdy.

«Soňky wagtlarda dünýä geosyýasatyndaky ýagdaýlaryň tamalary ödemeýändigini gynanmak bilen aýtmaly bolýarys», – diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly,  döwletara gatnaşyklaryň many-mazmuny üýtgeýär hem-de gapma-garşylyklaryň, terrorçylygyň, ekstremizmiň we radikalizmiň howplarynyň çäkleri giňeýär.

« Şeýle şertlerde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň ysnyşykly, netijeli gatnaşyklary aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda takyk, utgaşykly syýasy-diplomatik iş, ýörite gulluklaryň ugry boýunça sazlaşykly hyzmatdaşlyk, biziň ýurtlarymyza we raýatlarymyza parahatçylygy, asudalygy, döwlet esaslarynyň berkligine ynamy üpjün etmäge ukyply ygtybarly, uzak möhletleýin gorag gurallaryny döretmek üçin maglumat serişdelerini, jemgyýetçilik institutlaryny herekete getirmek talap edilýär», – diýip     Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şol bir wagtyň özünde bu ugurda halkara guramalarda bilelikdäki işi işjeňleşdirmek, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna hormat goýmak, olary netijeli durmuşa geçirmek işinde jebisligi we bitewüligi gazanmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen, Türkmenistanyň Prezidenti anyk ugurlara ünsi gönükdirmegi teklip etdi.

«Birinjiden, biziň döwletlerimizde ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synaglara garşy durmak; Ikinjiden, terrorçylyk, ekstremizm wehimlerinden, kiber we biologik howplardan goranmagyň kepilliklerini üpjün etmek; Üçünjiden, jemgyýetçilik aňyna ýalan düşünjeleriň we ahlak ýörelgeleriniň emeli ornaşdyrylmagyna garşy göreşmek; Dördünjiden, dünýädäki ýagdaýlaryň umumy çylşyrymlaşmagynyň bolup biläýjek ýaramaz täsirleriniň öňüni almak», – diýip Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

«Ýokarda Agzalan ugurlarda bilelikdäki işi işjeňleşdirmek maksady bilen, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda altytaraplaýyn geňeşmeleriň iş tertibini kadalaşdyrmagy maksadalaýyk hasaplaýarys. Munuň özi ýörite gulluklaryň, beýleki düzümleriň işine hem degişlidir. Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýokarda sanalyp geçilen wezipelerden ugur alyp, geňeşmeleriň algoritmini we mowzugyny işläp taýýarlamagy tabşyrmagy teklip edýäris», – diýip döwlet Baştutanymyz aýratyn üns çekdi.