Ï Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Russiýa» işewürler düzüminiň döredilmegini teklip etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Russiýa» işewürler düzüminiň döredilmegini teklip etdi

view-icon 4696
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Russiýa» işewürler düzüminiň döredilmegini teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Russiýa» işewürler düzüminiň döredilmegininiň başyny başlamak zerur boljakdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu barada anna güni Astanada geçen birinji «Merkezi Aziýa – Russiýa» sammitinde eden çykyşynda aýratyn üns çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde ykdysadyýet ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýandygyny belläp geçdi. 

«Ýurtlarymyzyň işewürlerini has ysnyşykly hyzmatdaşlyga höweslendirmek zerurdyr. Mümkin, hemişelik hereket edýän «Merkezi Aziýa — Russiýa» işewürler düzüminiň döredilmeginiň başyny başlamak zerur bolar. Onuň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meselelerine garalyp bilner», – diýip döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurtlarymyzyň çäklerinde ulag gatnawlarynyň we üstaşyr geçirmegiň köpşahaly düzümini gurmak arkaly döwrebap, üstaşyr ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak babatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň öňünde açylýan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmaga tagallalary gönükdirmegi zerur hasaplaýandygyny nygtady.

«Şunuň bilen baglylykda, Russiýadan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindi ummanyndaky deňiz menzillerine çenli Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň işini işjeňleşdirmek meselesine garamak zerurdyr. Öz çäginden Pars aýlagyna, Eýranyň portlaryna we şol ýerden Hindistana gysga ýoly üpjün edýän ýurt hökmünde Türkmenistan bu taslamany durmuşa geçirmäge girişmäge taýýardyr», – diýip hormatly Prezidentimiz belledi.