Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni Astanada geçen «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitinde eden çykyşynda Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýy syýasy taýdan kadalaşdyrmak boýunça halkara gurallary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Eýranyň, Hytaýyň, BMG-niň edaralarynyň owgan ugrundaky tagallalaryny goldaýandygyny belledi.
«Owganystandaky ýagdaý halkara gün tertibiniň aýratyn meselesidir. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Owganystandaky ýagdaýlaryň durnuklylygyna deň derejede gyzyklanma bildirýändiklerine ynanýaryn», – diýip döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, parahatçylykly, durnukly, sazlaşykly ösýän Owganystan biziň serhetlerimiziň, raýatlarymyzyň howpsuzlygynyň kepillikleriniň biridir.
«Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýy syýasy taýdan kadalaşdyrmak boýunça halkara gurallary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Eýranyň, Hytaýyň, BMG-niň edaralarynyň owgan ugrundaky tagallalaryny goldaýar», – diýip döwlet Baştutanymyz aýratyn üns çekdi.
Nygtalyşy ýaly, Owganystanyň halkara we sebit ykdysady gatnaşyklaryna goşulyşmagy wajyp meseledir. Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Owganystanyň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň birnäçesiniň başyny başlady.
Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, Türkmenistandan owgan ugry boýunça çekilen demir ýollar bar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
«Şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagy arkaly Owganystan ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň strategik mümkinçiliklerine eýe bolup, yklymda baglanyşdyryjy merkez hökmünde özüniň geografik artykmaçlyklaryndan peýdalanyp biler», – diýip döwlet Baştutanymyz belledi.