Ï Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Bilelikdäki Beýannamasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Bilelikdäki Beýannamasy

view-icon 4934
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Bilelikdäki Beýannamasy

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çagyrmagy boýunça 2022-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary boldy. Dostluk, birek-biregi hormatlamak we ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda döwletleriň Baştutanlary strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini düýpli ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlandan soňky 30 ýylyň içinde gazanylan, doganlyk halklaryň köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, çuň medeni-ruhy arabaglanyşygyna esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, Prezidentler türkmen-gazak gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ugruň üýtgewsizdigini tassykladylar. Bu bolsa iki doganlyk döwletiň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär we Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup hyzmat edýär.

Halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine, şol sanda döwlet özygtyýarlylygyny hem-de Garaşsyzlygyny, çäkleriniň bitewüligini, serhetleriniň bozulmazlygyny, birek-biregiň içerki işlerine gatyşmazlygy, deňhukuklylygy we özara bähbitleri hormatlamak ýörelgelerine pugta eýerýändiklerini tassyklap;

türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda depginli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp;

Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda 2017-nji ýylyň 18-nji aprelindäki Şertnamada beýan edilen ýörelgeleri goldanyp, aşakdakylary beýan etdiler:

Prezidentler iki döwletiň arasynda durnukly we depginli ösüşiň esas goýujy şerti hökmünde ynanyşykly hem-de birek-biregi hormatlaýan syýasy gatnaşygy mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýärler.

Gazanylan ylalaşyklary, şol sanda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabat şäherine amala aşyran döwlet saparynyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Astana şäherine döwlet saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary bilelikde durmuşa geçirmegiň möhümdigini belleýärler.

Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleri sebit hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki ysnyşykly hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler, şeýle-de dünýä giňişliginde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meýlini tassykladylar.

Döwletleriň Baştutanlary Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerinde sebit kooperasiýasyny ösdürmekde we çuňlaşdyrmakda gazanylan netijelere ýokary baha berdiler. Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek işine bilelikdäki tagallalar arkaly mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýarlyk beýan edildi. Prezidentler Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary doly durmuşa geçirmek ugrunda çykyş etdiler.

Prezidentler Hazarýaka sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy saklamak boýunça üýtgewsiz ugry, bilelikdäki tagallalary tassykladylar. Netijeli gatnaşyklary ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini açmak maksady bilen, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitini yzygiderli geçirmegiň möhümdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwletleriň Baştutanlary Türkmenistanda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň hem-de Hazar ykdysady forumlaryny mundan beýläk-de geçirmegiň ähmiýetini bellediler.

Çylşyrymly halkara ýagdaýlar, döwletara dawa-jenjelleriň töwekgelçilikleriniň artýan, harby, syýasy hem-de ykdysady gapma-garşylyklaryň güýçlenýän şertlerinde taraplar ählumumy meseleleri çözmekde, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmekde, halkara bileleşigiň tagallalaryny ählumumy parahatçylyga howp salýan agressiýa hereketlerine garşy birleşdirmekde Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň institutlarynyň ornuny ýokarlandyrmagyň zerurdygy baradaky bir pikiri beýan etdiler.

Döwletleriň Baştutanlary ähli jedelli meseleleri syýasy-diplomatik ýollar arkaly parahatçylykly çözmegiň ähmiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sebit we ählumumy derejelerde gatnaşyklary ösdürmekdäki tagallalaryna, şol sanda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamak we berkitmek işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti», «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin sebit we halkara hyzmatdaşlygy berkitmek», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryny kabul etmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynda dünýä we adaty dinleriň Liderleriniň gurultaýynyň, şeýle-de Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahatyň, «Merkezi Aziýa — Russiýa», «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» sammitleriniň ähmiýetini belledi. Bu çäreler hemmetaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirildi.

Prezidentler COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda, milli, sebit we halkara derejelerde döwletleriň tagallalaryny netijeli utgaşdyrmak arkaly bütin adamzadyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegini talap edýän wehimleriň ählumumy häsiýetini tassykladylar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynda öňe süren, öz işinde Biologik we zäherleýji ýaraglary gadagan etmek hakynda Konwensiýa esaslanýan Biologik howpsuzlyk boýunça halkara agentligi, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Kesellere hem-de biohowpsuzlyga gözegçilik etmek boýunça sebit merkezleriniň ulgamyny döretmek baradaky başlangyçlarynyň möhümdigini belledi.

Döwletleriň Baştutanlary Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahatyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, beýleki halkara we sebit guramalarynyň, forumlaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, özara goldawa gyzyklanmany tassykladylar.

Taraplar halkara terrorçylyga, ekstremizme, bikanun migrasiýa, neşe serişdeleriniň ýa-da psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga hem-de halkara howpsuzlygyň beýleki wehimlerine, howplaryna garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn derejede hem, halkara düzümleriň, şol sanda Türkmenistanyň wekili 2022-nji ýyldan direktory wezipesini eýeleýän, Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Almaty şäherindäki Merkezi Aziýa sebit maglumat utgaşdyryjy merkeziniň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada çykyş etdiler.

Iki döwletiň Baştutanlary ýadro ýaragy bilen ýaragsyzlanmak we ony ýaýratmazlyk işinde tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny bellediler, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda Şertnamany we Gazagystanyň başlangyjy boýunça 2015-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70/57 Kararnamasy bilen kabul edilen, Ýadro ýaragyndan azat dünýäni gurmak hakynda ählumumy Jarnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Prezidentler söwda, energetika, oba hojalygy, logistika we ulag pudaklarynda bilelikdäki taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhümdigini ykrar edýärler.

Döwletleriň Baştutanlary özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda we giňeltmekde utgaşdyryjy edara hökmünde Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belleýärler.

Taraplar özara söwdanyň sanawyny giňeltmek, onuň üçin amatly şertleri döretmek we ýokary goşmaça gymmaty bolan önümleri çekmek arkaly, haryt dolanyşygyny mundan beýläk-de artdyrmagyň ähmiýetini tassyklaýarlar. Döwletleriň Baştutanlary özara söwda wekilhanalaryny döretmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygy ylalaşmagy we oňa gol çekmegi çaltlandyrmagy tabşyrdylar.

Döwletleriň Baştutanlary kiçi we orta telekeçilik ulgamynda bilelikdäki kärhanalaryň sanyny köpeltmäge gönükdirilen işewür gatnaşyklaryň zerurdygyny belleýärler hem-de yzygiderli esasda işewürlik maslahatlaryny we senagat önümleriniň milli sergilerini geçirmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-gazak işewürler geňeşiniň iki ýurduň telekeçileriniň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak we iş ýüzünde hyzmatdaşlyk etmek boýunça işini güýçlendirmegiň zerurdygy bellenildi.

Prezidentler maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, maýa goýumlary çekmek we olary döwlet derejesinde goramak üçin amatly şertleri döretmegiň möhümdigini nygtaýarlar. Özara maýa goýumlary hemmetaraplaýyn goldamagyň usullaryny kämilleşdirmek maksady bilen, döwletleriň Baştutanlary maýa goýumlary höweslendirmek we özara goramak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy ylalaşmagy hem-de oňa gol çekmegi çaltlandyrmagy tabşyrdylar.

Iki döwletiň sebitara we serhetýaka hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliginiň ýokarydygyny kanagatlanma bilen belläp, Prezidentler Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň sebitleriniň arasynda köpugurly gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş edýärler.

Bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmak maksady bilen, taraplar daşarky bazarlara gysga ýol bilen, netijeli çykmagy üpjün edýän ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan edýärler.

Taraplar özüneçekijiligini ýokarlandyrmak arkaly Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag geçelgesini ösdürmegi, şeýle-de ulag kommunikasiýalaryny diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, täze ugurlaryň üstünde işlemegi dowam ederler. Uzen (Gazagystan) — Gyzylgaýa — Bereket — Etrek (Türkmenistan) — Gorgan (Eýran) ugry boýunça demir ýol gatnawlaryny amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygy bellenilip, munuň özi Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň çäkleri boýunça ýükleri üstaşyr gatnatmagy üpjün edýän bilelikdäki taslamalar amala aşyrylanda ileri tutulýan ugur diýlip hasaplandy.

Prezidentler döwletara gatnaşyklaryň binýady bolan medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini belleýärler. Bilim, ylym, syýahatçylyk we saglygy goraýyş babatda ylalaşyk gazanyldy. Taraplar ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny goldadylar.

Döwletleriň Baştutanlary özara esasda 2023-2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günlerini guramagy tabşyrdylar. Taraplar bilelikdäki telewizion taslamalary amala aşyrmaga, sergileri, festiwallary we beýleki medeni çäreleri geçirmäge ýardam bermäge, umumy taryhy, medeni mirasy gorap saklamak hem-de ösdürmek maksady bilen, tagallalary birleşdirmäge taýýardyklaryny beýan edýärler.

Prezidentler ekologik meseleleri çözmäge, şol sanda suwuň, atmosfera howasynyň hapalanmagynyň, topragyň şorlaşmagynyň azalmagyna, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmäge gönükdirilen ylalaşylan çäreleri kabul etmegiň zerurdygy bilen ylalaşdylar.

Aral we Hazar deňizleriniň sebitinde durmuş-ykdysady we ekologik ýagdaýy, aýratyn-da, ekologik heläkçilige duçar bolan zolaklarda ýagdaýy sagdynlaşdyrmak bilen bagly meseleleri toplumlaýyn çözmek üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny tassyklaýarlar. Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň bähbitlerini göz öňünde tutmak we olaryň gatnaşmaklary bilen, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň guramaçylyk düzümini we şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça bilelikdäki tagallalara ýardam bermäge taýýarlyk bildirildi. Howanyň ählumumy üýtgemegi we deňze guýýan derýalaryň akymynyň peselmegi bilen şertlenýän Hazar deňziniň suwunyň azalmagynyň dowam etmegine ynjalyksyzlyk bildirildi.

Döwletleriň Baştutanlary Merkezi Aziýanyň serhetüsti derýalarynyň suw serişdeleriniň sebitiň halklarynyň umumy baýlygy bolup durýandygyny, häzirki ýaşaýan onlarça million adamyň hem-de geljekki nesilleriň ykbalynyň, tutuş sebitiň durnuklylygynyň we abadançylygynyň bu serişdeleriň adalatly, oýlanyşykly ulanylmagyna baglydygyny beýan edýärler. Şunuň bilen baglylykda, özara düşünişmegi berkitmek we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara kabul ederlikli, adalatly çözgütleri gözlemek ugrunda çykyş edýärler.

Döwletleriň Baştutanlary saparyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň we gol çekilen resminamalaryň dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halklarynyň bähbitlerine hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow myhmansöýerlik, mähirli kabul edilendigi, hoşniýetlilik üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we Gazagystanyň ähli halkyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Gazagystanyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda jogap sapary bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti çakylygy hoşallyk bilen kabul etdi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.