2022-nji ýylyň 17-19-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Duşanbe şäherine saparynyň çäklerinde «Serhet howpsuzlygy hem-de terrorçylyga garşy göreşmek we terrorçylaryň hereketleriniň öňüni almak üçin serhet gözegçiligi ugurlaryndaky halkara we sebit hyzmatdaşlygy» atly ýokary derejeli maslahata gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Maslahatyň açylyş dabarasynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmonyň, BMG-niň Baş sekretary A.Guterrişiň, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy W.Woronkowyň, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli wekilleriniň we beýleki sebit hem-de abraýly halkara guramalaryndan hyzmatdaşlaryň çykyşlary diňlenildi.
Öz çykyşynda W.Hajiýew terrorçylyga garşy göreşmek, bilelikdäki hereketleriň utgaşyklygyny ýokarlandyrmak, yzygiderli maglumat alyşygy boýunça meselelerde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ulgamlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Hususan-da şu ýylyň mart aýynda strategiki taýdan möhüm resminamanyň – Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça ählumumy strategiýanyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýan Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça täzelenen Beilelikdäki Meýilnamanyň kabul edilmeginiň ähmiýeti barada ilkinji gezek 2011-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Aşgabat deklarasiýasynda yglan edilendir.
Şol bir wagtyň özünde, terrorçylyk howpuna garşy göreşmäge gönükdirilen ählumumy tagallalaryň birleşdirilmegi BMG-niň, hususan-da onuň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň gözegçiligi astynda amala aşyrylmalydyr.
Bu nukdaýnazardan, BMG-niň Merkezi Aziýa sebitinde Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň hemişelik maksatnamalaýyn edarasynyň döredilmeginiň öz wagtynda amala aşyrylmagy BMG-niň ulgamynyň iş we edara çykdajylaryny azaltmakda, sebitiň ýurtlaryna tehniki kömek bermegiň netijeliligini ýokarlandyrmakda we sebitde hökümetara utgaşyklygyny pugtalandyrmakda ähmiýetiniň bardygy barada aýratyn nygtaldy.
Şeýle hem taraplaryň maglumat tehnologiýalary we kibernetik giňişlikde bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegi, taslama mümkinçiliklerini ulanmak arkaly bar bolan dialog üçin platformalaryny, maslahatlaşma meýdançalaryny berkitmek boýunça teklipleri öňe sürüldi.