Ýubileý senesi – Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenabat we Mary şäherlerinde Ýaponiýanyň «Masuri-30» medeni festiwaly bolup geçdi.
Festiwalyň soňky medeni çäreleri 14-nji, 15-nji we 16-njy oktýabrda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirildi.
Günüň dogýan ýurdundan gelen myhmanlar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna baryp gördüler, «Aşgabat» kinoteatrynda birnäçe ýapon filmleri görkezildi. Şeýle hem, paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde giňişleýin tanyşdyryş sergi dabarasyny geçirdiler.
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we paýtagtymyzyň myhmanlary ýurdumyzyň Döwlet medeni merkeziniň ýerleşýän ýerinde Gündogar Aziýadaky ada döwletiniň däpleriniň ruhuna çuňňur aralaşyp, ýapon festiwalynyň howasyny doly duýup bildiler.
Ýapon dilinden terjime edilende, «Masuri» sözi «baýramçylyk» manysyny berýär. Eýse, çaý dabarasy, milli tagamlary taýýarlamazdan we kaşaň kimonosyz haýsy ýapon baýramçylygy geçip biler?
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen guralan medeni çärelerde myhmanlaryň ýapon gyzlarynyň we erkekleriniň adaty geýimlerini geýip görmekleri, rolla hödür etmekleri, ýapon «matça» çaýyny dadyp görmekleri we ýapon saz gurallarynda ýerine ýetirilýän sazlary diňlemekleri üçin mümkinçilikler döredilipdir.
Mundan başga-da, «Masuri-30»-a gelen myhmanlara ýaponlaryň kagyzlardan şekil ýasamak sungatyny – origami sungatyny özleşdirmek, ýapon tehnologiýalary bilen tanyşmak we AIBO atly robot güjük bilen elleşmek teklip edildi.
Aşgabatda festiwalyň myhmanlaryny meýletinçiler – Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary mähirli garşy aldylar. Bu türkmen ýokary mekdebi Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersiteti bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ondan biziň ýurdumyza tehnologiýa we ýapon dili boýunça mugallymlardyr professorlar iberildi. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň Ýaponiýada okamak mümkinçiligi-de bar.
Bu festiwal uzak ýyllyk türkmen-ýapon dostlugynyň aýdyň subutnamasy boldy. Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gutlag hatynda: «Türkmenistan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär» diýip belledi we bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dostlukly halklaryň bähbidine ösjekdigine ynam bildirdi.