mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň görnükli medeniýet işgärleri barada iki jiltlik kitap neşir edildi

view-icon 1668
Türkmenistanyň görnükli medeniýet işgärleri barada iki jiltlik kitap neşir edildi

Ýurdumyzda neşir edilen täze kitaplar döwlet kitaphanalarynyň gaznalarynyň üstüni doldurdy. Olaryň arasynda çap edilen iki jiltlik «Türkmenistanyň görnükli teatr, kino we sirk artistleri» atly ilkinji ensiklopedik neşir-de bar.

Kitapda türkmen teatr we kino sungatynyň, şeýle hem özboluşly sirkiniň döreýşi barada gysgaça maglumat berlipdir.

Birinji jiltde paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýat teatrlarynyň döredilen pursatyndan şu güne çenli jikme-jik taryhy görkezilýär. Kitaplaryň sahypalarynda teatr binalarynyň we dürli ýyllarda sahnalarda goýlan oýunlardan parçalaryň gaýtalanmajak suratlary neşir edilipdir.

Teatr sungatynyň muşdaklary we döredijilik ýokary mekdepleriň talyplary üçin Beýik S. Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň, Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynyň, Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň görnükli aktýorlarynyň terjimehaly bilen tanyşmak gyzykly bolar.

Mundan başga-da, birinji jiltde Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň, Lebap welaýatynyň S. Seýdi adyndaky sazly drama teatrynyň, Daşogzuň N. Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň meşhur aktýorlarynyň terjimehallary-da berlipdir.

Ensiklopedik neşiriň ikinji jildi sungat öwrenijileriň, multiplikatorlaryň, teatr we kino režissýorlarynyň, operatorlarynyň, türkmen dramaturglarynyň, kompozitorlarynyň, kino we sirk artistleriniň terjimehallaryny öz içine alýar.

Bu kitap milli medeniýetimiziň ösüşini jikme-jik beýan etmek maksady bilen neşir edildi. Ilkinji okyjylar eýýäm täze kitaplara baha berip ýetişdiler. Golaýda Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň Magtymguly adyndaky Merkezi kitaphanasynda bu ensiklopedik neşire bagyşlanan çekişme geçirildi.