Ï Sebit we ählumumy wehimler bilen baglylykda Türkmenistanyň täze halkara başlangyçlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sebit we ählumumy wehimler bilen baglylykda Türkmenistanyň täze halkara başlangyçlary

view-icon 5526

Merkezi Aziýa sebitinde syýasy we durnukly ykdysady özgertmeler dünýä gurluşynyň kemala gelmeginde barha uly orun eýeleýär hem-de muňa has uly täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşy bu meýilleriň möhüm subutnamasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti diňe öz ýurduna mahsus bolan ýagdaýlar barada aýtmak bilen çäklenmän, ählumumy hem-de sebit wehimlerine we mümkinçiliklerine, Türkmenistanyň olaryň has oňyn çözülmegine goşýan goşandyna umumy baha berdi. Munuň özi, elbetde, bu ýurduň dünýäniň beýleki dürli künjeklerindäki hyzmatdaşlarynyň üns merkezinde boldy.

Häzirki wagtda dünýä bileleşigi halkara hukuk, halkara söwda, halkara maliýe gatnaşyklary, döwletara migrasiýa babatda, şeýle-de tehnologik, epidemiologik we ekologik ulgamlarda örän dartgynly ýagdaýy başdan geçirýär. Ählumumy hem-de sebit derejesinde döwletara gatnaşyklarda hyzmatdaşlyk we oýlanyşykly çemeleşmeler ýetmezçilik edýär. Hut şu nukdaýnazardan, oýlanyşykly, parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasaty alyp barmakda Türkmenistanyň tejribesi has aýdyň ýüze çykýar. Bu ýagdaý Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýyldaky Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda doly derejede öz beýanyny tapdy.

Milli meseleleriň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň halkara nukdaýnazary hem-de gatnaşýan ähli taraplaryň bähbitlerini içgin nazara almak arkaly çözülmeginiň möhümdigini nygtamak türkmen döwletiniň Baştutanynyň dünýä bileleşigine çagyryşynyň düýp mazmunyny düzýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Türkmenistanyň yzygiderli alyp barýan Bitaraplyk syýasaty, döwletleriň arasynda sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goldaw bermäge taýýardygy çuňňur hoşallyk hem-de barha artýan gyzyklanma bilen kabul edildi. Kaliforniýanyň Okland şäherindäki Linkoln adyndaky uniwersitet Türkmenistanyň hoşniýetli tarapdarlarynyň hatarynda durýar.

Linkoln adyndaky uniwersitet Merkezi Aziýadaky ýagdaýlara, Türkmenistanyň sebitde abadançylygyň we durnuklylygyň berkarar bolmagyna goşýan goşandyna uly üns berýär. Uniwersitetiň gapylary dünýäniň bu sebitiniň talyplary üçin hemişe açykdyr. Şeýle hem uniwersitet Türkmenistanyň ozalky Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hormatly doktor derejesini berdi. Munuň özi uniwersitetiň Türkmenistanyň ösüşine, bu ýurt bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamaga barha uly gyzyklanma bildirýändiginiň subutnamasy bolup durýar.

Makalanyň aşaky böleginde Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynyň esasy ugurlaryna syn hem-de Linkoln adyndaky uniwersitetiň ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekki mümkinçiliklerine garaýşy beýan edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda milli jemgyýetiň okgunly ösüşiniň, bir tarapdan, halkara we sebit mümkinçilikleriniň, beýleki tarapdan, içerki şertleriň içgin sazlaşygyna esaslanmalydygyny nygtady. Hakykatda, bu ýagdaýlaryň biri beýlekisine päsgel bermeli däldir. Türkmenistan uzak döwrüň dowamynda bu bähbitli syýasy dünýägaraýşa ýetmekde hem-de ony dowam etdirmekde, hakykatdan-da, uly üstünlik gazandy. Türkmenistanyň eýe bolan içerki mümkinçilikleriniň we belli bir derejede artykmaçlyklarynyň halkara gyzyklanma bilen baglanyşdyrylmagy 31 ýyl ozal Garaşsyzlygy alan gününden bäri ýurduň Hökümetiniň gazanan netijeleriniň biri boldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan milli ykdysadyýetini ýurduň çäklerinden daşynda hem-de içinde bir wagtda deň derejede diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny işjeň durmuşa geçirýär. Içerki ykdysadyýeti we daşary söwdany diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatynyň işjeňleşdirilmegi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan örän möhüm milli wezipe hökmünde kesgitlenildi. Ösüp barýan ýurtlar, şol sanda Türkmenistan üçin häzirki halkara ykdysady durnuksyzlygyň döredýän kynçylyklaryny hasaba almak bilen, ýurduň bu ugurdaky tagallalaryna mynasyp baha bermezlik mümkin däl. Içerki önümçilik hem-de ylmy-tehniki ugurlaryň ösdürilmegine gönükdirilen syýasat bilen utgaşdyrylyp, daşarky bazarlar bilen gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilmegi türkmen Hökümetiniň ileri tutýan ugurlarynyň biridir.

Türkmenistan maýa goýumlaryň halkara bazarlaryna elýeterliligini giňeltmegi hem-de göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi ugur edinýär we bu ugurlara milli ösüşiň möhüm şerti hökmünde garaýar. Türkmenistanyň Hökümetiniň daşary ýurt maýa serişdeleriniň dürli çeşmelerine ýüzlenmegi olary diwersifikasiýalaşdyrmagy göz öňünde tutýandygyny bellemek gerek. Prezidentiň Döwlet Maslahatyndaky çykyşy Türkmenistanyň milletara çeýe maýa ulgamynyň durnukly ýagdaýda saklanmagyna ýokary gyzyklanma bildirýändiginiň subutnamasydyr. Bu ugur soňky döwürde köpçülikleýin bökdençliklere hem-de çäkli bähbitleri maksat edinýän päsgelçiliklere sezewar boldy. Şeýle tagallalar eksport babatda-da durmuşa geçirilýär. Bu çäreler daşary söwdany, şol sanda ulag ulgamynyň düzümlerini giňeltmek maksadyna gönükdirilendir, elbetde, munuň özi maliýe, serişde we tehnologik harajatlary talap edýär.

Sebit durnuklylygyny üpjün etmezden hem-de ertirki güne ynam bolmazdan, bu maksatlara ýetmek mümkin däldir. Türkmenistan sebitde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, döwletleriň milli bähbitlerine özara hormat goýulmagyna ygrarlydyr. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden Türkmenistanyň toplan tejribesinden görnüşi ýaly, ýurduň ýolbaşçylary sebitde we onuň çäklerinden daşarda parahatçylygy, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkin bolan ähli tagallalary edýärler.

Ýokarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň sebit ýurtlary hem-de tutuş dünýä bazary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine berýän ünsi bilen bir hatarda, ýurtda milli ösüş strategiýasynda içerki ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, önümçilik binýadynyň berkidilmegi aýratyn ähmiýetli wezipe hökmünde kesgitlenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda Türkmenistanyň Hökümetiniň diňe bir tebigy serişdeleri gazyp almaga däl-de, ýokary goşmaça bahaly, sebit we dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygy barha artýan çylşyrymly önümleri öndürmek üçin önümçilik binýadynyň döredilmegine gönükdirilen maýa goýumlary höweslendirmek syýasatyny alyp barýandygyny belledi.

Türkmenistanyň halkara giňişlikde beýan edýän garaýyşlary syýasy durnuksyzlykdan we halkara nyrh sarsgynlyklaryndan başlap, ilatyň ösüşi, howanyň üýtgemegi, daşky gurşaw bilen baglanyşykly köp sanly sebit meseleleriniň çözülmegine paýhasly, deňagramly çemeleşilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi bilen tapawutlanýar. Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşleriň çäklerinde jedelli meselelere garamagyň hem-de olary çözmegiň, bähbitleriň çapraz gelmegini kadalaşdyrmaga çemeleşmeleriň çykdajylaryny azaltmak boýunça işleri seresaply utgaşdyrmak ugrunda yzygiderli çykyş edýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bäsdeşligiň has ýitileşýän dünýä giňişliginde hemişe garaýyşlaryň gabat gelmegi hem-de gapma-garşylyklaryň ýitileşmeginden çetde durmak usulyna eýerýär. Türkmenistan döwletleriň halkara bileleşigiň ygtybarly we jogapkärli agzasy, Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň örän möhüm daýanjy hökmünde uly abraýa eýe boldy. Muňa mynasyp baha bermek gerek.

Hakykatdan-da, amerikalylaryň tutuş Merkezi Aziýada, hususan-da, Türkmenistanda bolup geçýän wakalara nähili garaýandyklary barada gürrüň açylanda, ilki bilen, halkara gatnaşyklar we daşary syýasat ulgamy boýunça sowallar ýüze çykýar. Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynyň aglaba bölegini ýurduň içerki durmuş-ykdysady we tehnologik taýdan ösüş meselelerine bagyşlady.

Linkoln adyndaky uniwersitet, ozaly bilen, bilim edarasydyr, şoňa görä-de, okyjylaryň ünsüni ynsanperwer ulgama dahylly meselelere çekmek isleýändigimiz tebigy ýagdaýdyr.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň ýykylmagy ozalky sowet respublikalarynyň ählisinde, şol sanda Türkmenistanda köne bilim ulgamynyň köpçülikleýin dargamagyna getirdi. Emma şeýle sarsgynlyk diňe bir ozalky sosialistik döwletler üçin mahsus ýagdaý bolmady — bilim ulgamynyň adatdan daşary derejede hususylaşdyrylmagy, umuman, terbiýeçiniň, mugallymyň, bilim işgäriniň durmuşda eýeleýän ornunyň peselmegine getirdi. Elbetde, mugallymyň nähili derejedäki bilim edarasynda işleýändigine baglylykda, onuň işini maddy taýdan höweslendirmekde hem-de eýeleýän ornunda uly tapawut bar. Muňa garamazdan, bilim işgäriniň durmuş derejesiniň pese gaçandygy mälimdir we bu ýagdaý ynjalyksyzlyk döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda ýurduň Hökümetiniň bilimiň hiliniň we elýeterliliginiň möhümdigini nazara alýandygyny, bu ulgamyň ösdürilmeginiň milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýandygyny belledi. Bilim erkin bazaryň ygtyýaryna berilýän ýönekeý haryt däldir, ol milli häkimiýetler tarapyndan goldanylmalydyr hem-de hemaýat berilmelidir. Bilim işgärleriniň durmuş derejesiniň, mekdepleriň we ýörite orta bilim berýän mekdepleriň mugallymlarynyň aýlyklarynyň ýokarlandyrylmagyna Türkmenistanyň Hökümeti jemgyýetiň ýagdaýyny gowulandyrmagyň, sebit hem-de halkara derejede onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň durmuş ähmiýetli möhüm şerti hökmünde garaýar. Biz şeýle ýagdaýyň şaýady bolýandygymyza şatdyrys.

Bilim we ykdysady ösüş dogry utgaşdyrylan hem-de sazlaşykly guralan ýagdaýynda özara aýrylmaz baglanyşyklydyr we özara bähbitlidir. Türkmenistanyň Hökümeti bu özara baglanyşyga ýokary baha berýär. Ýurduň önümçilik binýadynyň, Türkmenistanyň ýolbaşçylary tarapyndan milli ösüşiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edilen täze iş orunlaryny döretmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň giňeldilýän we çuňlaşdyrylýan şertlerinde hünär-tehniki bilim ulgamyny kämilleşdirmek meselesi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Tehnologik taýdan çylşyrymlylygy barha artýan önümçiliklerde hünärmenlere islegleriň ýokarlanmagy hünär-tehniki mekdepleriň giň ulgamynyň ýokary derejeli, çuň bilimli işgärler bilen üpjünçiliginiň berkidilmegini talap edýär.

Şeýle işgärleri taýýarlap ýetişdirmek hem-de hünär-tehniki mekdepleriň halkara bilim gorlaryna elýeterliligini üpjün etmek dünýä ykdysadyýetinde milli bäsdeşlige ukyplylygyň möhüm şerti bolup durýar. Germaniýanyň we Şweýsariýanyň bu ugurdaky tejribesi, aýratyn-da, orta we kiçi işewürlik üçin hünärmenleri taýýarlamak babatda tejribesi Türkmenistan üçin örän peýdaly bolup biler.

Ýokary okuw mekdepleri we uniwersitetler barada aýdylanda, ABŞ-nyň hem-de Hytaýyň ylmy-barlag edaralarynyň geljekki iş berijiler bilen gatnaşyklary ýola goýmakda toplan tejribesi Türkmenistan üçin nusga bolup hyzmat eder. Türkmenistanyň Hökümeti, bir tarapdan, hünär-tehniki mekdeplere aýratyn üns berýän, beýleki tarapdan, uniwersitet derejesinde ylmy-barlaglaryň geçirilmegini ugur edinýän ýurduň bilim ulgamynyň düýpli kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny ykrar edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň strategik garaýşyna laýyklykda, lukmançylyk ulgamynda geçirilýän ylmy-barlaglar hem-de jemgyýetçilik saglygyny berkitmek ulgamynda alnyp barylýan işler aýratyn möhümdir. Munuň özi, elbetde, köp sanly ýagdaýlar — içerki we beýleki ählumumy şertler bilen baglanyşyklydyr. 2020 — 2022-nji ýyllarda dowam eden COVID-19 pandemiýasy bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň hem-de uly möçberdäki wehimlere çeýe, utgaşykly çemeleşilmegiň möhümdigini görkezdi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň ozalky Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ylmy lukmançylyk bilimine eýedir hem-de milli saglygy goraýyş ulgamynyň meseleleri, şol sanda Aral deňziniň guramagy, ýerleriň we suwuň şorlaşmagy netijesinde ýaramazlaşmagy bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge hemişe hut özi gatnaşýar.

Türkmenistanyň ilatynyň saglyk ýagdaýyna seljerme bermek hem-de zerur bolan derman serişdelerine barha artýan elýeterliligiň üpjün edilmegi ýurduň Hökümetiniň örän möhüm iki wezipesi bolup durýar. Türkmenistan häzirki wagtda eýýäm bu ugurda, aýratyn-da, nemes döwlet edaralary, bu ýurduň ylmy-barlag bileleşigi, şeýle-de hususy pudak, mysal üçin, “Siemens” kompaniýasy bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda gazanan üstünliklerine buýsanyp biler.

Şunuň bilen birlikde, ABŞ-nyň hususy bölegi hem-de hökümete dahylsyz guramalary bilen lukmançylyk ylmy ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi Türkmenistana kämilleşmek we ösmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Saglygy goraýyş ulgamyny dolandyrmak işlerinde Germaniýanyň, Ýaponiýanyň we Türkiýäniň toplan tejribesi gymmatlydyr.

Türkmenistan adatdan daşary seýsmiki howply zolakda ýerleşýär. 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesi Türkmenistanyň paýtagtyny doly weýrançylyga sezewar etdi. Bu ýagdaý diňe bir ýaşaýyş jaýlaryna we senagat desgalaryna bildirilýän binagärlik talaplary babatda däl-de, eýsem, şäher gurşawyny sazlaşykly guramak babatda hem möhüm wezipäni öňe goýdy. Seýsmiki taýdan durnukly binalaryň taslamasyny taýýarlamak işleri ýokary derejeli tehnologik başarnyklary hem-de ägirt uly maliýe serişdelerini talap edýär. Türkmenistan dünýäniň senagat taýdan ösen, seýsmiki howply zolaklarda, mysal üçin San-Fransiskoda, Los-Anželesde we Tokioda nusgalyk iş tejribesini toplan ýurtlaryň ylmy we inženerçilik bileleşikleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak we ösdürmek esasynda uly bähbit gazanyp biler.

Türkmenistanyň tebigatynyň ajaýyplygy haýran galdyrýar. Bu ýurt diňe bir sähra zolaklary bilen däl, gök begrese bürelen aýratyn sebitleri bilenem meşhurdyr. Türkmenistanyň Hökümeti hemişe diňe bir milli goraghanalaryň we seýilgähleriň talabalaýyk derejede goralyp saklanmagyna ähmiýet bermän, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni milli tebigy künjekleriň gaýtalanmajak gözelligine çekmäge-de çalyşýar. Emma şeýle gözel künjekler dünýäde bolup geçýän howanyň düýpli üýtgemeleri bilen baglylykda, hemişe ideg edilmegini we üns berilmegini talap edýär.

Milli tokaý zolaklaryny, seýilgähleri, goraghanalary, ýabany tebigaty hem-de suw desgalaryny dolandyrmakda ABŞ-nyň toplan oňyn tejribesi, şeýle-de ýakynda uly möçberli tokaý ýangynlarynyň bolup geçmegi bilen baglylykda, ýüze çykan birnäçe meseleleri çözmekde toplan tejribesi Türkmenistan üçin peýdaly bolup biler. Şunda federal hökümet, şeýle hem ştatlar, şäher dolandyryş edaralary derejesinde häkimiýet düzümleriniň tejribesini göz öňünde tutmak ýerlikli bolar.

Ýurduň içinde we sebit giňişliginde Türkmenistanyň öňünde durýan wehimleri çözmekde Hökümetiň tagallalary hem-de ynamlylygy bizi guwandyrýar. Türkmenistan sebitiň durnuklylygyna, abadançylygyna möhüm goşant goşýar.

Kaliforniýanyň Okland şäherindäki Linkoln adyndaky uniwersitet türkmenistanly talyplar bilen işleşmekde uly tejribe toplady. Biz hyzmatdaşlyk üçin açykdyrys hem-de täze duşuşyklara şat bolarys. Uniwersitet işewürlik dolandyryşy babatda giň maksatnama eýedir we Türkmenistanyň halkyna, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda çap edilen strategik garaýyşlarynda beýanyny tapan käbir ulgamlarda üstünlikleri gazanmak üçin mümkin bolan ähli tagallalar arkaly kömek etmäge taýýardyr.

Allan Semson, Linkoln adyndaky uniwersitetiň Howandarlyk geňeşiniň hormatly başlygy, doktor.

Leon Kil, Berkli şäherindäki Kaliforniýa uniwersitetiniň hem-de Linkoln adyndaky uniwersitetiň professory, doktor.