Ï «Daşkent» dynç alyş seýilgähi – mizemez türkmen-özbek dostlugynyň ýene bir aýdyň nyşany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Daşkent» dynç alyş seýilgähi – mizemez türkmen-özbek dostlugynyň ýene bir aýdyň nyşany

view-icon 7787
«Daşkent» dynç alyş seýilgähi – mizemez türkmen-özbek dostlugynyň ýene bir aýdyň nyşany

Prezidentler Serdar Berdimuhamedowwe Şawkat Mirziýoýew Aşgabatda gurlan «Daşkent» dynç alyş seýilgähiň açylyş dabarasy gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany seýilgähiň esasy girelgesiniň öňünde garşylady, bu täze seýilgäh mizemez türkmen-özbek dostlugynyň ýene bir aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabat we Daşkent doganlaşan şäherlerdir. 2018-nji ýylyň aprel aýynda özbek paýtagtynda «Aşgabat» seýilgähiniň açylandygyny ýatlatýarys. Ol häzirki wagtda bu iri şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almak üçin ýygy-ýygydan gelýän künjegine öwrüldi.

Türkmen paýtagtymyzda «Daşkent» seýilgähiniň açylmagy hem taryhda emele gelen medeni hem-de ruhy dessurlaryň umumylygy bilen baglanyşykly iki halkyň has-da ýakynlaşmagynyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňletmegiň ýolunda nobatdaky ädimdir.

Seýilgähiň dizaýnynda milli özbek bezegçiliginiň hem-de binagärliginiň äheňleri ulanyldy. Bu ýerde amatly dynç almak hem-de maşgala bolup boş wagty gyzykly geçirmek üçin ähli şertler göz öňüne tutulandyr. Täze seýilgähde çagalar hem ulular hem wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirip bilerler. Abadanlaşdyrylan hem-de bagy-bossanlyga bürelen çäkde «Daşkent» kafesi we çaýhana ýerleşendir. Körpeler üçin köp öwüşginde bezelen attraksionlar we oýun meýdançalary bar.

Dostlukly ýurduň milli äheňlerini beýan edýän şekiller seýilgähiň bezeginiň aýratynlyklarydyr. Olaryň hatarynda mozaýka nagyşly çüwdürim bar, onuň merkezinde Daşkendiň baş Mustakillik meýdançasyndaky derwezede gurulan heýkele meňzeş – ýer togalagyny hem-de asmana uçup barýan leglekleri şekillendirýän heýkel oturdylypdyr. Uly we kiçi bulgurdan, çäýnekden hem-de birnäçe käseden ybarat özboluşly bezegli «çaý içilýän toplum», şeýle hem gündogar äheňinde bezelen basdyrmalar ünsi çekýär.

Bu ýerde özbek paýtagtynyň täsin binagärlik desgasy – Daşkent telediňiniň kiçeldilen nusgasyny hem görmek bolýar.

Şunuň bilen baglylykda, çaý içişlik dessurynyň Merkezi Aziýa halklarynyň baý medeni durmuşynyň aýratyn bölegidigini bellemek gerek. Çaýhana diňe bir hoşboý ysly çaý içilýän hem-de dürli tagamlar iýilýän ýer däldir. Çaýhana gadymyýetden häzire çenli söhbetdeşlik hem-de dynç almak, içiňi dökmek we dostlar bilen duşuşmak üçin aýratyn ýakymly künjek bolmagynda galýar. Häzirki wagtda hem ozalkylar ýaly çaýhana özboluşly aýratynlyklary bilen jahankeşdeleri we syýahatçylary hem özüne çekýär.

Gadymy döwürlerden bäri türkmen we özbek halklaryna myhmansöýerli däpleriniň aýrylmaz bölegi bolan özboluşly çaý içişlik dessury mahsusdyr. Asyrlaryň dowamynda çaýhana gije-gündiziň dowamynda barylýan ýerdir. Sebäbi çaý tomsuň jokrama yssysyndan we gyşyň aýazyndan halas edýär, şeýle hem ylmy taýdan subut edilen tenakärlik häsiýetlerine eýedir. Mälim bolşy ýaly, dünýäde meşhur bu içginiň gadymy taryhy, onuň ynsana peýdasy, çaý demlemegiň usullary hem-de halkymyzyň çaý içişlik dessurlary barada Gahryman Arkadagymyzyň «Çaý – melhem hem ylham» atly kitabynda gürrüň berilýär.

Şeýle-de, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew göni wideoaragatnaşyk arkaly Daşoguz welaýatynyň çäginde bolan Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň – Söwda merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşýarlar.

Soňky ýyllarda iki ýurduň sebitleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň arasynda göni döwletara hyzmatdaşlygy has işjeňleşdirildi.

Şeýlelik-de bu ýerde umumy bähbitlere laýyk gelýän türkmen-özbek serhetýaka söwda gatnaşyklaryny işjeň ösdürmek üçin häzirki zaman ugurdaş düzümi dörediler.