Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sebit işlerinde türkmen-özbek hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi. Döwlet Baştutanymyz bu barada resmi sapar bilen Aşgabat şäherine gelen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçirilen gepleşiklerde aýtdy.
Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek, ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synanyşyklara, terrorçylyk, ekstremistik, radikal ýüze çykmalara ýol bermezlik iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrudyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň guraly şeýle hyzmatdaşlygyň netijeli beýany bolup durýar. Munuň özi ähli gatnaşyjylaryň bähbitlerini nazara almak bilen, anyk, ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin mümkinçilikleri üpjün edýär.