Ï Türkmenistan we Özbegistan Owganystanda parahatlygy üpjün etmek işine gatnaşmagyny dowam etdirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Özbegistan Owganystanda parahatlygy üpjün etmek işine gatnaşmagyny dowam etdirer

view-icon 8521
Türkmenistan we Özbegistan Owganystanda parahatlygy üpjün etmek işine gatnaşmagyny dowam etdirer

Türkmenistan we Özbegistan Owganystanda parahatlygy we durnuklylygy üpjün etmek işine gatnaşmagyny dowam etdirer. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Aşgabat şäherine gelen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren gepleşiklerinde aýtdy.

Owganystandaky ýagdaý gepleşiklerimiziň meseleleriniň biri boldy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we biziň ýurtlarymyzyň bu döwletde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek işine gatnaşmagyny, ykdysady we durmuş taýdan dikeltmek üçin şertleri döretmegini, doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermegini dowam etdirjekdiklerini tassyklady. 

Şu maksatlara ýetmek üçin amatly halkara şertleri döretmek boýunça Özbegistanyň tagallalaryny goldamak bilen, şu ýylyň iýul aýynda Owganystan boýunça Daşkentde geçirilen halkara maslahata ýokary baha berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.