Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň özbek kärdeşi bilen gepleşikleriniň jemi boýunça soňky ýyllarda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň düýpgöter täze ugruny döretmek we hyzmatdaşlyga strategik häsiýet bermek başardandygy bellenildi. Şeýle hem doganlyk halklaryň jebis gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we mundan beýläk hem anyk mazmun bilen üstüni ýetirmäge iki tarapyň hem taýýardygy tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda «Altyn Asyr» elektron gazetiniň habarçysy Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik ylmy barlaglar merkeziniň ýolbaşçysy Ş.A. Şiriýewden sapardan galan täsirler barada gürrüň bermegini we sowallarymyza jogap bermegini haýyş etdi.
– Şiri Agöýliýewiç, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň täze tapgyry, ýöne bir sözler däl, onuň çuňňur mazmuny we olaryň näme bilen berkidilendigi barada aýdaýsaňyz!
– Diplomatik gatnaşyklary ýola goýmakda uly, has dogrusy, köplenç iki döwletiň Liderleriniň syýasy erkiniň aýgytlaýjy ähmiýeti bar. Meniň pikirime görä, döwlet Baştutanlarynyň arasynda soňky ýyllarda kemala gelen gatnaşyklar hut şoňa degişli. Iki ýurduň Prezidentleriniň deňlik, hoşmeýilli goňşuçylyk, halklaryň taryhy umumylygy we öz ýurtlarynda hem, sebitde hem parahatçylygy berkitmäge isleg ýörelgelerine esaslanýan garaýyşlarynyň we bähbitleriniň umumylygy, islegi we syýasy erki hem türkmen - özbek gatnaşyklaryny täze derejä çykmak ýagdaýyna getirdi.
Biziň gatnaşyklarymyz ozalam dostluk, hyzmatdaşlyk we özara kömek hakynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda 1996-njy ýylyň 16-njy ýanwaryndaky Şertnamada hem-de strategik hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda 2017-nji ýylyň 6-njy martyndaky Şertnamada esaslandyrylan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň binýatlyk ýörelgelerine esaslanýardy.
Häzirki gatnaşyklaryň täzeçilliginde taraplar haýsydyr bir umumy wezipeleri diňe bir çözmäge gyzyklanman, eýsem ol gaýra goýulman we anyk “ýol kartasy” esasynda durmuşa geçirilýär. Türkmen-özbek serhetýaka söwdasyny döretmek barada çözgüt munuň aýdyň mysaly bolup biler. Bary-ýogy üç aý mundan ozal Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň gepleşiklerinde bu barada ylalaşyk gazanylypdy, eýýäm bu gün bolsa umumy infrastruktura taslamasynyň ilkinji desgalarynyň biriniň düýbi tutulýar. Iki ýurduň Prezidentleriniň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine gözegçilikleri we olary ilerletmek üçin parlamentara dostluk toparynyň mümkinçiligini netijeli ulanmaga birmeňzeş garaýyşlaryna hem häzirki türkmen-özbek gatnaşyklarynyň tapawutly häsiýeti diýse bolar. Mundan başga-da, taraplaryň hyzmatdaşlyga netijeli häsiýet bermäge islegi hem aýandyr. Şeýle mysallaryň ençemesini agzasa bolar.
– Taraplaryň ikisiniň hem gyzyklanýan wajyp meseleleri barada gysgaça aýdaýsaňyz we taraplaryň arasyndaky gepleşiklerde olara garaldymy?
– Gepleşikleriň jemi boýunça kabul edilen Jarnama bilen tanyşsaň, onda bar zat anyk beýan edilýär. Şeýle bolsa-da, gepleşiklerde köp babatda Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy saklap galmak maksadyndan ugur alyp, onuň bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly sebit howpsuzlygy meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga uly ähmiýet berildi. Özbegistanam, Türkmenistanam doganlyk owgan halkyna ykdysady we ynsanperwer kömek bermäge islegini ýene bir gezek tassykladylar.
Gepleşikleriň dowamynda halkara guramalarynda, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynda, GDA-da, Yslam hyzmatdaşlygy guramasynda we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynda geljekde-de işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge isleg açyk beýan edildi. Parlamentara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň we Özbegistanyň kanun çykaryjy edaralarynyň jebis gatnaşyklary indi döwletara gatnaşyklarynyň wajyp we aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Gepleşiklerde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýlägem ösdürmäge aýratyn üns berildi. Energetika, ulag, oba hojalygy, senagat kooperasiýasy, ýokary tehnologiýalar we söwda ýaly möhüm ugurlarda bilelikdäki işi dowam etdirmekden ugur alynýandygy tassyklanyldy. Suw hojalygy, tebigaty goramak we gaýry ugurlarda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
– Şiri Agöýliýewiç, Siz türkmen-özbek gepleşikleriniň jemi boýunça kabul edilen Jarnamany ýatladyňyz. Bu resminamanyň haýsy düzgünleri Siziň Merkeziňiziň işine aýratyn dahylly?
– Jarnamada beýan edilen meseleleriň ählisiniň diýen ýaly, ol ýa-da beýleki derejede Merkezimiziň işine degişlidiginden başlaýyn. Olar syýasy gatnaşyklaryň wajyp meseleleri, howpsuzlyk meseleleri, hukuk hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady, ulag, energetika, sebitara, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, daşky gurşawy goramak meseleleridir.
Jarnamanyň «Howpsuzlyk meseleleri boýunça özara hyzmatdaşlyk» bölümine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýulynda sebitiň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda beýan eden Merkezi Aziýa sebitinde wehimlere we howplara aýratyn baha berilmegi barada teklibiň girizilendigni bellemek gerek.
Olaryň käbirini ýatlamagy ýerlikli hasaplaýaryn. Jarnamada şu düzgün berkidilip, taraplaryň olary çuňlaşdyrjakdygy bellenilýär:
– taraplar halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde terrorçylyga, ekstremizme hem-de separatizme, jenaýatçylykly girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, şolara meňzeşleriň we prekursorlaryň, ýaraglaryň hem-de ok-därileriň bikanun dolanyşygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşde gyzyklanma bildirýän –edaralaryň ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrarlar.
– taraplar häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň kanuna garşy we milli howpsuzlyga zelel ýetirmek maksady bilen, şol sanda, döwletleriň içerki işlerine gatyşmak hem-de özygtyýarlylygyny bozmak üçin ulanylmagyna ynjalyksyzlanma bildirýärler, şeýle-de, halkara maglumat howpsuzlygy babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň ähmiýetini belleýärler.
– taraplar sebit we ählumumy derejede, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde halkara maglumat hem-de biologik howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy maksat edinýändiklerini tassyklaýarlar.
Jarnamada şol sanda, biziň Merkezimiziň işine degişli bellik hem bar: «Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek, ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin taraplar iki ýurduň «esasy merkezleriniň» we bilermenler-seljeriş bileleşikleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini bellediler».
Merkezimiziň iki ýyl bäri işläp gelýändigini ýatlatmakçy. Şu döwürde bize daşary ýurtlardaky biziňki ýaly seljerme edaralary bilen gatnaşyklary we işewür gatnaşyklary ýola goýmak başartdy. Elbetde, Özbegistanyň strategik barlaglar merkezleri biziň ilkinji hyzmatdaşlarymyzyň biri boldy. Biziň işgärlerimiz eýýäm Daşkentde geçirilen halkara maslahatlaryna gatnaşdylar, bu bolsa Özbegistanyň we sebitiň esasy bilermenleri bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Özbegistanyň Prezidenti Ş. Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi saparynyň öň ýanynda – 20-nji oktýabrda biz Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiýa we sebitara barlaglary institutynyň işgärleri bilen nobatdaky onlaýn-maslahat geçirdik, onda şeýle hem türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
– Şiri Agöýliýewiç, söhbetdeşligiňiz üçin sag boluň! Siziň pikiriňize görä, saparyň esasy netijesi nämede?
– Meniň pikirime görä, umuman özbek Llideriniň Aşgabada saparynyň we gepleşikleriniň esasy netijeleriniň biri, ol Türkmenistanyňam, Özbegistanyňam, şeýle hem, olaryň ýola goýan gatnaşyklarynyň bu gün Merkezi Aziýada durnuklylygyň we oňyn ösüş prosesiniň strategik faktorydygyny görkezdi. Sebitiň meseleleriniň dostluk we hoşmeýilli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda parahatçylykly serişdeler arkaly çözlüp bilinýändiginiň we çözülmelidiginiň anyk mysaly görkezildi.