2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Aşgabada Howa boýunça ýaşlaryň maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen gelen COP26-nyň Ýewropada, Merkezi Aziýada, Türkiýede we Eýranda sebitleýin Ilçisi Dewid Moran bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygy ugurlarynda netijeli halkara we sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurlaryň örän möhüm ähmiýetiniň bardygy we Türmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamy boýunça köptaraplaýyn halkara resminamalaryň 20-den gowragyna gatnaşýandygy bellenildi.
Merkezi Aziýada howa meseleleri boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň we özara gatnaşyklaryň täze durnukly usullarynyň emele getirilmeginiň zerurdygyny aýdyp, taraplar ekologiýa we howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça sebitleýin merkezleriň, bilelikdäki uzakmöhletleýin maksatnamalaryň we meýilnamalaryň döredilmeginiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.
Şeýle hem Türkmenistanyň Beýik Britaniýa bilen ylmy-ekologiýa ulgamynda ýakyn hzymatdaşlygy alyp barmaklygy bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy. Bu ugurda iki ýurduň ylmy institutlarynyň we edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaklygyň hem-de britan bilermenleriniň gatnaşmaklarynda ylmy toparlaryň wekilleri üçin howa meseleleri boýunça ýörite okuw sapaklarynyň gurnalmagynyň möhümdigi bellenildi.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň geçen ýylyň noýabrynda Glazgo şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça maslahatyna (COP26) gatnaşmagynyň Türkmenistanyň görkezilen ugurlarda jogapkärçilikli çemeleşmesiniň subutnamasy bolup durýandygy beýan edildi.