Ï Türkmen wekiliýeti «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Işewürler geňeşiniň 3-nji mejlisine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýeti «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Işewürler geňeşiniň 3-nji mejlisine gatnaşdy

view-icon 5526
Türkmen wekiliýeti «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Işewürler geňeşiniň 3-nji mejlisine gatnaşdy

2022-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» formatynyň Işewürler geňeşiniň nobatdaky 3-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Bu mejlise şeýle hem, Koreýanyň halkara söwda Assosiasiýasynyň (KITA), Koreýanyň importýorlarynyň Assosiasiýasynyň (KOIMA), Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary has hem ösdürmek maksady bilen elektron söwda, sanly ulgama geçmek, söwda ulgamyna koreý ýokary tehnologiýa oýlap tapmalaryny ornaşdyrmak meselelerine seredildi.

Şeýle hem Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň täze ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bulardan başga-da, Geňeşiň 2-nji mejlisiniň netijeleri boýunça hasabat diňlenildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Hususan-da Hyundai Corporation, Hyundai Engineering, Daewoo E&C, GS Engineering & Construction, Korea Foundation ýaly bu ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň, şeýle hem Koreýanyň halkara söwda Assosiasiýasynyň (KITA) hem-de Koreýanyň importýorlarynyň Assosiasiýasynyň (KOIMA) ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi.

Duşuşyklaryň dowamynda bu kompaniýalaryň Türkmenistanda durmuşa geçirýän taslamalary boýunça alnyp barylýan işler we geljekde hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin gyzyklanma bildirilýän ugurlar barada pikir alşyldy.