Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

view-icon 6604

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly ulgamlaýyn esasda saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, halk seçgiçiligini ösdürmekde we kämilleşdirmekde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmeti nazara alnyp, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmaly:

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri Begenç Akmyradowiç Bakeýewe,

Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Toplumynyň başlygy, hususy itşynas Orazmyrat Döwranowiç Orazmyradowa.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow
.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 26-njy oktýabry.