Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara nebit we gaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara nebit we gaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy

view-icon 5581
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara nebit we gaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 31-nji oktýabrdan 3-nji noýabr aralygynda Abu Dabi şäherinde (BAE) geçirilen Halkara nebit we gaz sergisine we ADIPEC maslahatynda gatnaşdy.

Halkara sergi meýdançasy bu ýerde energetika pudagynda baha emele getirmegiň ähli zynjyry boýunça önümleri, hyzmatlary we çözgütleri hödürlemek bilen, stendlerini görkezen iki müňden gowrak kompaniýanyň ünsüni özüne çekdi.

Bu abraýly foruma dünýäniň 40-dan gowrak ministrleri, şol sanda dünýä boýunça energetika liderleri, syýasatçylar we pudak hünärmenleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň pawilýony 13060 belgili stendde görkezildi we köpçülikde uly gyzyklanma döretdi.

Şeýle hem, halkara serginiň çäklerinde ADIPEC strategik we tehniki maslahatlar geçirildi, olara wise-premýer Şahym Abdyrahmanow hem gatnaşdy.

Möhüm çärä gatnaşyjylar geljekde energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda wodorodyň orny, geosyýasy üýtgemeler şertlerinde energiýa pudagyndaky üýtgeşmeler we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.