Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa bilen medeniýet we bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrmagy goldady.
Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň we Russiýanyň halklary asyrlaryň dowamynda goňşy bolup ýaşaýarlar, bizi şahsy, maşgala, hünär aragatnaşyklarynyň giň gerimi baglanyşdyrýandygyny belledi.
«Biz bilelikde agyr synaglardan geçdik, bilelikde ajaýyp ýeňişleri we üstünlikleri gazandyk, halklarymyzyň her biriniň dürlüdigine, özboluşlydygyna garamazdan, olary pugta medeni gatnaşyklar, binýatlaýyn gymmatlyklar, ahlak ýörelgeleri we däp-dessurlar, döredijilik, Watana, mähriban ojaga bolan çäksiz söýgi, maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesligi, beýleki halklara hormat-sarpa goýmak, adalatlylyk, raýdaşlyk, özara goldaw bermek ýaly duýgular birleşdirýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz bu gymmatlyklary ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň, düşnükli, ygtybarly kanunçylyk esaslaryny döretmegiň zerurdygyny nygtady. Şol kanunçylyk esaslary biziň garaýyşlarymyza, döwlet we jemgyýetçilik gurluşynyň nusgasyny erkin seçip almagymyza laýyklykda, öňe gitmegimiz üçin ygtybarly syýasy we ruhy esasy üpjün eder. Şunda medeniýet we bilim möhüm, belki-de, aýgytlaýjy şert bolup durýar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin parlament gurallaryny işjeň ulanmaga, has ysnyşykly medeni gatnaşyklar, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny, taslamalaryny döretmek, Türkmenistanyň we Russiýanyň döredijilik hem-de ylmy intelligensiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk üçin şertleri kemala getirmäge çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, biziň buýsanmaga hem-de birek-birege teklip etmäge zatlarymyzyň bardygyna ynam bildirildi.