Ï Türkmenistanyň kinologiýa bölümleri Ýewropa standartlary özleşdirdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň kinologiýa bölümleri Ýewropa standartlary özleşdirdiler

view-icon 3958
Türkmenistanyň kinologiýa bölümleri Ýewropa standartlary özleşdirdiler

1-nji noýabrdan 3-nji noýabr aralygynda Aşgabatda Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMCA 10) Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri üçin kinologiýa bölümleriň işini hem-de hukuk goraýjy edaralary üçin kinologlary taýýarlamak boýunça ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen okuw maslahatyny geçirdi.

Bu çäre, gatnaşyjylaryň kontrabandanyň dürli görnüşlerini ýüze çykarmakda kinologiýa bölümleriniň işiniň gurnalyşy, onuň ähmiýeti, mümkinçilikleri we talaplary baradaky bilimlerini artdyrmaga gönükdirilendir.

Mundan başga-da, seminaryň dowamynda serhetara jenaýatçylyga garşy göreşmegiň çäginde kinologiýa toparlaryny ýerleşdirmek bilen baglanyşykly düzgünleriň we işiniň düzülmegine bagyşlandy.

Şeýle hem, çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Latwiýanyň we Litwanyň serhet gulluklarynyň tejribesini öwrendiler.

Bu maksatnamanyň çäginde şuňa meňzeş okuw çäreleriniň eýýäm Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda geçirilendigini hem bellemelidiris.