2022-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň sebit agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy gibrid görnüşde geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatlaryny Utgaşdyryş Müdirliginiň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory G. Ýop-Son, BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň başlygy N. German, ÝUNESKO Klasteriniň Tährandaky edara müdiri G. El Hury, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komisarlygynyň Sebit wekili R.Komenda, BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komisarlygynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebit wekili H. Fridrih Şodder, Birleşen Milletler Guramasynyň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Ýewropa sebiti boýunça wekili A.Muhidow, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy D Şlapaçenko we BMG-niň Türkmenistandaky şu bölümleriniň: BMGÖM, UNODC, UNFPA, ÝUNISEF we BSGG ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.
R.Meredow öz çykyşynda BMG-niň Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşydygyny we bu nukdaýnazardan Türkmenistan hökümetiniň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge isleginiň bardygyny we taýýardygyny aýtdy.
Häzirki wagtda türkmen tarapy, ýokarda agzalan we BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen gurluşlary hem-de agentlikleri bilen 50-den gowrak sebit we ýurt taslamalaryny durmuşa geçirýär, durnukly ösüş, sanly ulgam, ynsanperwerlik ýörelgesi, şol sanda adam hukuklary, bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek, daşky gurşawy goramak, şeýle hem parnik gazynyň we metanyň zyňyndylaryny azaltmak maksady, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda ýokanç däl kesellere garşy göreş we saglyk başlangyçlary ýaly iň oňat tejribeleri ulanyp we olary durmuşa geçirýär.
Işjeň hyzmatdaşlygyň adaty ýollaryny belläp, türkmen tarapy BMG-niň guramalaryna hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmak mümkinçiligini göz öňünde tutmagy we bu ugurda anyk taslamalar boýunça tekliplerini bermegi sorady.
BMG-niň edaralarynyň we bölümleriniň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda Türkmenistan hökümeti bilen alnyp barylýan bilelikdäki işler barada habar berdiler, türkmen tarapynyň täze özara gatnaşyklary gözlemek baradaky tekliplerini goldadylar we bu ugurda pikirlerini we tekliplerini paýlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar BMG-niň ýöriteleşdirilen maksatnamalarynyň Türkmenistanda we Merkezi Aziýa sebitinde işjeňligini güýçlendirmek barada ylalaşdylar.