Ï A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda ispan söýgüsi hakynda oýun goýuldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda ispan söýgüsi hakynda oýun goýuldy

view-icon 4457
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda ispan söýgüsi hakynda oýun goýuldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň döredijilik işgärleri tomaşaçylary gadym eýýamlarda Ispaniýada bir gijede bolan ýiti ýordumly waka bilen tanyşdyrmak üçin «Bir ispan gijesi» atly täze spektakly taýýarlaýar. Elbetde, ol söýgi we wepa, Lukas bilen onuň owadan gelni Fraskitanyň tasdan bagtyny ýatyran hileler barada gürrüň berýär.

Ispan dramaturgy Georg Hakeniň pýesasy boýunça spektakly ýaş režisýor Kyýas Gurbanow goýupdyr, tomaşaçylar ony «Aladdin» spektakly bilen gowy tanaýandyrlar. Kyýas «Bir ispan gijesi» spektaklyny ispanlara mahsus gyzykly etmegiň hötdesinden gelipdir.

Küýki Lukas (onuň keşbini döreden Wýaçeslaw Lawin) hoşamaýlygy bilen owadan zenan Fraskitanyň näme üçin özüne durmuşa çykandygynyň sebäbini aýdýar. Edepli gelin Fraskitanyň keşbini Anna Hommadowa sahnada ussatlarça ýerine ýetirýär. Mihail Rogow bolsa Euhenionyň ýaramaz keşbini döredipdir, Alina Andronowa özüni gorabilýän dogumly we adalatly Mersedesiň keşbini döredýär.

Spektakla bezeg beren köpçülik sahnalarynda Merdan Nurmyhammedow, Lýubow Ýemelýanowa, Adelina Nazarowa, Mariýa Durdyýewa we beýlekiler çykyş edýärler. Merdan Nurmuhammedow bilen Alina Andronowanyň edebi gahrymanlarynyň aýdymlaryny özleri ýerine ýetirýärler.

«Bir ispan gijesi» atly göwün açýan spektakl ýakyn zamanda sahnada görkeziler. Ol, elbetde, teatra geljek tomaşaçylaryň göwnünden turar diýip umyt edýäris.