Ï Ýurdumyzda bulutly we ýagyşly howa bolar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda bulutly we ýagyşly howa bolar

view-icon 4491
Ýurdumyzda bulutly we ýagyşly howa bolar

Şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň käbir ýerlerinde şemal we ýagyş güýçlener diýlip çak edilýär. Gündizlerine howanyň temperaturasy ortaça +20°C bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +8… +10, gijelerine +3… +5 gradus bolar. Hepdäniň ortalaryna howa gündizlerine +17… +19, gijelerine bolsa +8… +10 gradusa çenli maýlar.

Ahal welaýatynda howanyň temperaturasy gündizlerine +6… +11, gijelerine +2… +7 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda howanyň temperaturasy gündizlerine +20 gradusa çenli ýokarlanar. Ýagyş ýagmak we ýel turmak ähtimallygy-da aradan aýrylmaýar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +10 bilen +20, gijelerine +2 bilen +7 gradus aralygynda bolar. Ýagyş ýagmagy mümkin. Dynç günleri +15 gradusa çenli maýyl howa bolar.

Mary welaýatynda wagtal-wagtal açylýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +6… +11, gijelerine +1… +6 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda howanyň temperaturasy +21 gradusa çenli ýokarlanar.

Lebap welaýatynda howa az-kem sowar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +5…+10, gijelerine -1…+4 gradus bolar. Ýagyş ýagmak we ýel turmak ähtimallygy bar. Dynç günleri +20 gradusa çenli maýyl howa bolar.

Daşoguz welaýatynda howanyň temperaturasy gündizlerine +4… +9, gijelerine -1 ... +4 gradus bilen +9 gradus aralygynda bolar. Käýerlerde ýagyn ýagar. Hepdäniň ahyrynda +17 gradusa çenli maýyl howa bolar.