Ï Türkmenistanyň Adalatçynyň diwanynyň çagalaryň hukuklaryny goramak we öňe sürmek boýunça alyp barýan işleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Adalatçynyň diwanynyň çagalaryň hukuklaryny goramak we öňe sürmek boýunça alyp barýan işleri

view-icon 4729
Türkmenistanyň Adalatçynyň diwanynyň çagalaryň hukuklaryny goramak we öňe sürmek boýunça alyp barýan işleri

Ýakynda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa Adalatçynyň diwanynyň wekili bilen bilelikde Daşoguz welaýatynda iş saparynda boldy. Bu barada Adalatçynyň diwanynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Iş saparyň maksady Adalatçynyň diwanynyň ýyllyk iş meýilnamasynyň çäginde raýatlary kabul etmek we çagalar edarasyna barmak, olaryň saklanşynyşyna, şertlerine, olar babatynda kanunçylygyň berjaý edilşine gözegçilik etmek bolup durýar.

Kabul edişlik welaýat häkimliginde gurnalyp, oňa welaýat häkimliginde raýatlary kabul etmek boýunça ýörite toparyň agzalary we raýatlaryň ýüz tutýan meseleleri boýunça jogapkär wezipeli adamlar hem gatnaşdyryldy.

Ýokarda belleýşimiz ýaly Adalatçy iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Çagalar öýüne bardy we olar babatda kanunçylygyň berjaý edilşi, hususanda çagalaryň ýaşaýyş şertleri, dynç almak üçin döredilen mümkinçilikleri, olaryň iýmitleniş ýagdaýlary, çagalar babatda ulanylýan lukmançylyk gözegçilikleriniň alnyp barylşy bilen tanyşdy.