Ï Türkmenistanda “Türkmentel — 2022” halkara sergisi we ylmy maslahat geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda “Türkmentel — 2022” halkara sergisi we ylmy maslahat geçirilýär

view-icon 8330
Türkmenistanda “Türkmentel — 2022” halkara sergisi we ylmy maslahat geçirilýär
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2022” atly XV halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan çäre diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, sanly ulgam arkaly Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurdunda hem görkezilýär.

Ýöriteleşdirilen forum Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň döredijilik, ykdysady taýdan yzygiderli ösüş ýolunda gazanan giň gerimli üstünliklerini görkezdi, şeýle-de bu ulgamda dünýä derejesinde iň täze işläp taýýarlamalary ulanmak babatda tejribe alyşmak boýunça meýdança öwrüldi. Oňa gatnaşmaga isleg bildirýänleriň sany ýylsaýyn artýar. Munuň özi dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşýan ýurdumyza ägirt uly gyzyklanmalar hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň amatly geljegi bilen şertlendirilendir. Munuň şeýledigine nobatdaky gözden geçirilişe 20-ä golaý ýurtdan wekiliýetleriň gatnaşmagy hem şaýatlyk edýär. Olar daşary ýurtlaryň dürli döwlet pudaklaýyn düzümlerine, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryna wekilçilik edýän ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürijiler we iberijiler, öňdebaryjy tehnologiýalary, hyzmatlary işläp düzüjiler, aragatnaşyk ulgamynyň we programma üpjünçiliginiň iri halkara operatorlarydyr. Şolaryň hatarynda Russiýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Belarusuň, Azerbaýjanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Finlýandiýanyň, Gresiýanyň, Şweýsariýanyň, Saud Arabystanynyň we Awstraliýanyň wekilleri bar.

“Türkmentel — 2022” forumynyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara we onuň myhmanlaryna iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň tejribesine we innowasiýalara daýanylyp, milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylýandygy, ýurdumyzy durmuş taýdan ösdürmekde uly üstünlikleriň gazanylýandygy, sanly tehnologiýalaryň gurluşynyň, maddy-tehniki, hukuk binýadynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleriň we iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi nygtalýar. “Häzirki wagtda milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary, maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze görnüşini döretmek we ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurdan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerine hem uly üns berilýär. Aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge, olary döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.

Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Aýdym-sazlar belentden ýaňlanýar, döredijilik toparlary halk tanslaryny ýerine ýetirýärler, milli lybasdaky gyzlar bu ýere gelýänlere däp bolan duz-tagamlary hödürleýärler.

Sergi Diýarymyzyň aragatnaşyk, telekommunikasiýalar hem-de maglumat tehnologiýalar ulgamynda gazanan uly üstünlikleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Zallar döwrebap wideotehnikalary, bannerleri we pannolary şöhlelendirýän äpet monitorlary, sanly alyp görkezmek hem-de wideoýaýlymlar, hemra, ykjam we elektron aragatnaşyk ulgamlarynda, ses we wideoýazgy, gözegçilik serişdeleri, howanyň ýagdaýyny çaklaýyş ulgamynda, kabel önümlerinde we onuň düzüm böleklerinde innowasion önümleriň köp sanly nusgalaryny özünde jemleýän sergi diwarlyklary bilen üpjün edildi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz telekommunikasiýalar we ýokary tizlikli maglumat tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek bilen birlikde, döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlaryna täzeçil tehnologiýalary çekmegiň işjeň tarapdarydyr. Türkmenistan dünýä tejribesindäki ähli täzeçillikler üçin açykdyr, milli bähbitleri we durmuş-ykdysady, ruhy-medeni ösüş babatdaky wezipeler göz öňünde tutulyp, Ýer ýüzüniň döwletleri bilen ýakyn gatnaşyklar ýola goýulýar.

Sergä daşary ýurtlardan gatnaşyjylaryň köpüsiniň ýurdumyzyň telekeçilik düzümleri bilen işewür hyzmatdaşlyk etmekde eýýäm uly tejribesi bardyr. Olar pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasynyň çäklerinde bilelikde sanly alyp görkezmegiň ölçeglerine geçmek, hyzmatlaryň ulgamyny hem-de maglumat serişdelerine elýeterliligi giňeltmek, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrmak işini amala aşyrýarlar. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda aragatnaşyk ulgamynyň dürli görnüşleriniň we maglumat tehnologiýalarynyň bazarynda öňdebaryjylar bolan «Thales Аlenia Space», «Nokia», «Huawei», «BHS», «LS TELCOM AG Heidelberger», «Hermes Datacommunications International Ltd», «Kazakhtelecom», «Delta telecom Ltd», «Transit Telecom», «AMD», «Comfone», «Eastwind» we beýlekiler bar. Aşgabat gözden geçirilişine işewür toparlar bilen birlikde, bu ulgamdaky hünärmenler, öňdebaryjy alymlardyr bilermenler hem uly gyzyklanma bildirdiler.

Häzir ýurdumyzda torly we ykjam aragatnaşyk serişdelerinde, telearagatnaşyk ulgamlarynyň binýadynda maglumatlaryň elektron geçirilişinde, milli tele we radio gepleşikleriniň alnyp görkezilişiniň hilini üpjün etmekde, ýurdumyz boýunça we daşary ýurtlara tizleşdirilen poçta ugratmalarynda täze onlaýn hyzmatlar hödürlenilýär. Bularyň ählisi barada «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň, «Türkmenpoçtanyň» düzüm bölekleriniň diwarlyklary gürrüň berýärler.

Ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň köp möçberini türkmen telekeçileriniň ýerine ýetirýändigini bellemek gerek. Olar durmuşa geçirilýän syýasatyň netijesinde ýokary tehnologiýalar bazaryny üstünlikli giňeldip, iň täze enjamlary, kärhanalar hem-de pudaklaýyn düzümleriň edaralary üçin aragatnaşyk geçiriji we wideosynlaýyş serişdelerini göni ibermegiň anyk ýollaryny üpjün etmek bilen birlikde, bu ulgamda gurluşyk, gurnama hem-de işe giriziş-sazlaýyş işlerini amala aşyrýarlar. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň «Imdat elektronika», «Diýarkom», «Kepil Pikir», «Sitkom», «SGM», «Ýüpek ýoly», «Ýokary tilsimatlar merkezi», «Türkmentehnogurluşyk», «Belgi», «Uly Gaýa», «Minara Nur» ýaly telekeçilik düzümleri we beýlekiler bar.

Sergä gelýänler “Türkmen ýyldyzy” hususy kärhanasynyň alyp barýan işleri bilen tanşyp bilerler. Onuň diwarlygynda gurnamak, kiçi beketlerde, elektrik hereketlendirijilerde, generatorlarda hem transformatorlarda ýeňil we düýpli abatlaýyş işleri geçirmek, elektrik enjamlarynyň ähli görnüşlerini synag etmek boýunça kärhananyň mümkinçilikleri görkezilýär.

Şu halkara gözden geçirilişe ulag ulgamynyň pudaklaýyn kärhanalary hem işjeň gatnaşýarlar. Olaryň üstünlikli işini hem-de howa, awtomobil we demir ýollarda hereketleriň netijeli dolandyrylmagyny radionawigasiýanyň, ulag akymlaryny seljerişiň, howanyň ýagdaýyna gözegçilik ediş beketleriniň degişli ulgamlary we beýlekiler üpjün edýär.

“Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň diwarlyklarynda bu ulgamda öňe sürülýän başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, degişli ugurlary mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary barada maglumat berilýär. Bazar gatnaşyklarynyň ählumumy häsiýete eýe bolmagy hem-de maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagy esasy strategik serişde hökmünde maglumatlaryň peýdalanylmagyna daýanýar. Şunda halkara gatnaşyklara bagyşlanan sergi bölümleri uly meýdançany eýeledi. Türkmenistan “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň üsti bilen Aragatnaşyk boýunça sebitleýin arkalaşygyň doly hukukly agzasy bolup durýar.

Häzirki wagtda Aragatnaşyk boýunça sebitleýin arkalaşyk elektrik we poçta aragatnaşygy ulgamynda GDA-nyň döwletara utgaşdyryjy edarasynyň wezipelerini ýerine ýetirýän halkara düzümdir. Şunuň bilen bir hatarda, ol Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginde we Halkara poçta birleşiginde synçy derejesine eýedir, şeýle-de halkara hem sebit guramalary bilen işjeň gatnaşyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda maglumat-kommunikasiýa ulgamynyň işini kämilleşdirmek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, Aragatnaşyk boýunça sebitleýin arkalaşyga agza ýurtlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga üns berilýär.

Sarp edijilere ýokary derejeli telearagatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemek, maglumatlaryň geçirijilik tizligini artdyrmak maksady bilen, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda optiki-süýümli ulgamy çekmek göz öňünde tutuldy. Bu taslama pudaklaryň arasynda maglumatlaryň alşylmagyny ep-esli gowulandyrmaga, elektron hyzmatlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.

“Türkmentel — 2022” sergisi, ilkinji nobatda, häzirki günde uly isleg bildirilýän maglumat tehnologiýalaryna gönükdirilendir. Optiki-süýümli telefon aragatnaşygyny ösdürmek ulgamynda gazanylan üstünlikleri beýan edýän sergi bölümi bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döredýär. Diňe bir sanly telefon beketlerine däl, hut häzirki zaman, iň täze görnüşli ölçeglere esaslanan “NGN” (Next Generation Network) ulgamyny goldaýan beketlere isleg ýokarydyr. Bu ulgam arkaly bir telefon nokadyndan telefon, IP-telewideniýe we internet berlip bilinýär. Şunda habarlar toplumlaýyn geçirilýär, söhbetdeşlikler, maglumatlar hem-de wideoşekiller bolsa, elýeterlilik usulyna garamazdan, islendik sazlaşykda geçirilip bilner.

Serginiň meýdançasynda aýratyn orun eýeleýän döwlet hyzmatlary we işleri boýunça bir bitewi portalyň hereket edip başlamagy (e.gov.tm) “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” üstünlikli ýerine ýetirilýändigini alamatlandyrýar. “Bir penjire” awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamyny beýan edýän bu portal raýatlar we işewürlik düzümleri üçin elektron görnüşdäki döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. “Bir penjire” işi hyzmatlara bolan islegleri aňladýan resminamalary merkezleşdirilen esasda kabul etmäge, resminamalary taýýarlamagyň möhletleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi ýola goýmaga hem-de resminamalary wagtynda bermäge mümkinçilik döredýär.

Häzirki wagtda bu portaly ulanyjylar döwlet hyzmatlary resmi internet portalynyň üsti bilen internet, ykjam we öý telefonlary üçin tölegleri ýerine ýetirip bilýärler. Şeýle hem olar özleriniň bank kartlary arkaly IP-telewideniýe hyzmatlaryndan peýdalanyp, demir ýol we howa ulaglary üçin petekleri satyn alyp bilýärler. Bu ýerde pasportlary resmileşdirmek, iş üpjünçiligi we beýleki meseleler boýunça onlaýn tertipde telekeçilik bilen meşgullanýanlardan we beýleki ugurlaryň hünärmenlerinden sargytlary kabul edip bolýar. Saýtdan peýdalanýanlar türkmen, rus dillerinde öz sargytlaryny beýan etmek mümkinçiligine eýedirler.

“Internet-banking” we “Mobil-banking” hyzmatlary işjeň ornaşdyrylýar, olaryň üsti bilen ýurdumyzda, şeýle-de onuň çäklerinden uzakda nagt däl hasaplaşyklary geçirip bolýar. Şunda haryt-pul gatnaşyklary ýönekeýleşdirilýär hem-de olaryň howpsuzlygy üpjün edilýär.

Şeýle-de sergide ýurdumyzda elektron senagatyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň önümlerine möhüm orun berildi. Onda milli hünärmenleriň işjeň gatnaşmagynda taýýarlanylan häzirki zaman elektron senagatyna degişli önümleriň köp görnüşleri görkezilýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça döredilen ýurdumyzyň elektron senagaty hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli ösdürilýär we ýokary sepgitlere ýetirilýär. Şeýlelikde, elektron senagata degişli dürli görnüşli önümler, sanly ulgamyň häzirki zaman gazananlarynyň netijeli peýdalanylmagy ýurdumyzda elýeterli boldy. Munuň özi milli ykdysadyýetimizde elektron senagata, şol sanda bu ugur boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini aňladýar. Bu işler Diýarymyzda daşary döwletlerden getirilýän elektron önümleriň ornuny tutýan önümçiligiň barha ösdürilmegine uly ýardam berýär. Milli elektron senagata degişli önümleriň ýokary hilliligi, amatlylygy we elýeterliligi bu önümlere bolan islegiň yzygiderli artmagyny şertlendirýär.

Bu ýerde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň innowasion enjamlary ýerleşdirilen sergi diwarlyklary bar. Ol sergä gelýänleri talyplaryň geljegi uly işläp taýýarlamalary we geçiren barlaglary bilen tanyşdyrýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň kompýuterler, multimedia tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy, IT-meýdançalaryň döredilmegi okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ulanmak arkaly sapaklary geçirmäge mümkinçilik berýär, olaryň internete elýeterliligi bolsa okuw işini talabalaýyk guramak hem-de halkara standartlaryň talaplaryna laýyklykda hünärmenleri taýýarlamak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Sergide hemra aragatnaşygy bilen bagly meselelere möhüm orun berildi. Ýurdumyzyň “Türkmen hemrasy” we “Ýokary tilsimatlar merkezi” kärhanalary daşary ýurt kompaniýalarynyň hatarynda öz gazananlaryny görkezdiler.

Umuman, şu gezekki sergi ýakyn wagtlarda Türkmenistanda ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän iň täze, netijeli hem-de ähmiýetli tehnologiýalar bilen tanyşmak mümkinçiliklerini düýpli giňelder.

Günüň ikinji ýarymynda forumyň maksatnamasynyň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. Onda türkmen we daşary ýurt alymlary, bilermenler, işewürler ýüzbe-ýüz görnüşde we sanly ulgam arkaly öz tekliplerini beýan etdiler. Maslahata Russiýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Monakonyň, Şweýsariýanyň, Ysraýylyň, Estoniýanyň, Tailandyň, Latwiýanyň, Owganystanyň wekilleri gatnaşýarlar.

Forumyň birinji güni Türkmenistanda innowasiýalaryň, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň sanly ulgama geçirilmegini ösdürmek meselelerine, şeýle hem täze hemra tehnologiýalaryna we goşundylaryna bagyşlandy. Onda dolandyrmagyň çözgütleri, häzirki zaman meýilleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler ýurdumyzyň tehnologik taýdan düýpli öwrülişigi amala aşyrandygyny bellediler. Şeýle ösüş döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek netijesinde mümkin boldy. Şunda öňdebaryjy işläp taýýarlamalar, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, giňden kompýuterleşdirmek hem-de iň gowy dünýä tejribesini, şol sanda aragatnaşyk ulgamynda oňyn tejribäni özleşdirmek ugur edinilýär.

Çykyşlarda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde möhüm üstaşyr ulag merkezi, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlarynda örän wajyp maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmünde ykrar edilmeginiň maglumat alyşmalary babatda halkara standartlara laýyk gelýän milli telekommunikasiýa ulgamynyň okgunly ösdürilmegine ýardam berýändigi bellenildi.

Biziň Watanymyz innowasion ösüş ýoluny saýlap almak bilen, döwrüň talaplaryna laýyklykda, birnäçe möhüm wezipeleri öz öňünde goýdy. Internet we hemra aragatnaşygy eýýamynda sanlylaşdyrmak ulgamynyň ornaşdyrylmagy olary ösdürmegiň däbe öwrülen ähli usullaryny hem-de modellerini düýpgöter özgertdi. Garaşsyz Türkmenistan halkara giňişlikde netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine we ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar, ähli ulgamlarda ösüşiň ýokary depginlerini gazanýar. Bu bolsa dünýä bileleşiginiň ünsüni özüne çekýär. Biziň ýurdumyz “Açyk gapylar” syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, hyzmatdaş döwletler bilen bilelikde, gadymy döwürlerde Gündogar bilen Günbataryň medeniýetlerini baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde gaýtadan dikeldilmegine işjeň gatnaşýar.

Maslahata gatnaşyjylar ykdysadyýetiň ählumumy derejede sanlylaşdyrylmagynyň kärhanalardan, guramalardan we kompaniýalardan hünärmenleriň innowasion tehnologiýalary çalt depginlerde özleşdirmek, şeýle hem kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermegini talap edýändigini nygtadylar. Kommunikasiýalar ulgamynyň geljegi “internet meýdançalar”, “bulut serwisleri”, “5G”, “Big data tehnologiýalaryna geçmek”, “ykjam maliýe”, “kontenti özleşdirmegiň usullary” ýaly düşünjeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda Türkmenistanyň ilkinji emeli hemrasynyň kosmos giňişligine uçurylmagynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän aragatnaşygyň telekommunikasiýa ulgamyny, ýokary hilli serwis we teleradio eşitdiriliş ulgamyny kemala getirmek üçin uly mümkinçilikleri açandygy bellenildi. Beýan edilenlere laýyklykda, ýurdumyzda maglumatlar we telekommunikasiýalar ulgamynda işleriň hukuk taýdan kadalaşdyrylyşyny kämilleşdirmek dowam etdirilýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak hem-de “Elektron hökümet” ulgamyny doly derejede herekete girizmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Tor düzümine birikdirilen sanly, kompýuter ulgamlarynyň jemgyýeti ösdürmegiň möhüm şerti hem-de halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň täzeçe usuly bolup durýandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, maglumat bazary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň birine öwrülmelidir, onuň kadaly hereket etmegi beýleki ulgamlaryň ösüşine, tutuşlygyna, makroykdysady ýagdaýa düýpli täsir eder.

Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüş meýilleri maglumat tehnologiýalaryň we bilimiň jemgyýetçilik durmuşynda eýeleýän hem-de barha artýan orny bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Ykdysadyýet özgerýär, barha innowasion häsiýete eýe bolýar, ýokary tizlikli, giň zolakly aragatnaşyk hem-de internet torlarynyň peýdalanylmagy bu özgertmeleriň esasyny düzýär. Tehnologik täzeçillikleri hasaba almak bilen, hemişe kämilleşýän hem-de olary ykdysadyýeti dolandyrmak üçin ornaşdyrýan ýurtlar bäsdeşlige has ukyply bolýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň maýa goýum babatda özüneçekijiligi diňe bir energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlary bilen şertlendirilen däldir. Halkara işewürler toparlary tarapyndan ilatyň durmuş derejesiniň maddy-ykdysady görkezijileri seljerilip, ýurduň ykdysady ýagdaýyna baha berilýär, halkyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy bolsa üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň netijesidir.

Ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamyny hem-de telekommunikasiýalar tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanan täze taslamalar hem türkmen halkynyň durmuş derejesiniň görkezijileriniň, ilatyň maddy üpjünçiliginiň we abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Döwlet tarapyndan şeýle meýilnamalaryň işlenip taýýarlanylmagy daşary ýurt maýadarlarynda eýýäm uly gyzyklanma döretdi. Maglumat-telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmegiň täze ugurlary barada daşary ýurtly bilermenleriň çykyşlary diňlenildi. Bütin dünýäde internetiň ösüşine düýpli täsirini ýetirýän tehnologiýany ornaşdyrmagyň geljekki mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Ertir “Türkmentel — 2022” halkara sergisi we ylmy maslahat öz işini dowam eder. Maslahatyň çäklerinde “Aragatnaşyk” we “Kiberhowpsuzlyk, maglumatlaryň ýaşyrynlygy we goralyşy. Poçta pudagynda çözgüt transformasiýalary” ýaly mowzuklar boýunça mejlisleriň ikisi geçiriler. Şeýle-de talyplaryň arasynda geçirilen “Sanly çözgüt — 2022” atly bäsleşigiň jemleri jemleniler.

Foruma gatnaşyjylar aragatnaşyk toplumynyň möhüm ugurlarynyň häzirki ýagdaýy, ösüş mümkinçilikleri barada maglumat almak bilen çäklenmän, hemra-kommunikasiýa tehnologiýalary we programma önümleri bazary, sanlylaşdyrmak, kiberhowpsuzlyk ýaly meseleler boýunça pikir alşyp, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we maýa goýum mümkinçiliklerini kesgitläp bilerler.