Ï Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ekologik bäsleşigi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ekologik bäsleşigi

view-icon 3406

Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy «Durmuşymyzyň ekologik ýörelgesi» atly bäsleşigi yglan etdi.

Bäsleşik jemgyýetçiligi durmuş ýörelgämize täzeden seretmäge, adamlaryň ýaşaýyş keşbini ekologiýa taýdan has ýokarlandyrmaga we tebigaty howpsuz etmek üçin höweslendirmäge gönükdirilipdir.

Bäsleşige gatnaşmak üçin, ekologiýa taýdan arassa durmuş ýörelgesini alyp barmakda toplan tejribäňiz, iýmitiňizde ulanýan ekologiýa taýdan arassa önümleriňiz, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmaga şahsy goşandyňyz barada gürrüň berýän materialy wideo düşürmeli. Wideonyň astynda sosial ulgamdaky diplomatik wekilhananyň sahypasyny bellemeli.

Isleg bildirýänleriň işleri 30-njy noýabra çenli kabul edilýär.

Iň tapawutlanan üç wideonyň awtorlary Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasyna çagyrylyp, olara ilçihananyň sowgat toplumy (The Royal Collections Trust) gowşurylar.

Ýaşyl durmuş ýörelgesine geçmeklik sarp edilýän önümleriň mukdarynyň azaldylmagy, önümleri gaýtadan ulanmaga ymtylyş we hojalyk galyndylaryny sortlamak meýilnamalaryna gatnaşmak bilen utgaşmalydyr.

Sarp edilýän önüm mukdarynyň tebigy gurşawyň öz-özüni kadalaşdyrmagy üçin ýeterlik mukdardan artyk bolmagy ekologik meseleleriň ýüze çykmagynyň kesgitleýji sebäbidir. Sarp ediş ulgamynyň özüni alyp barşy boýunça işleri öwrenmek, ekologik durmuş ýörelgesine baha bermekde esasy halka öwrülýär. Barlaglaryň netijeleri adamlar howanyň üýtgemegi meselesine täsir etjek bolanda, ilki bilen sarp ediş usullaryny sazlaýandygyny görkezýär.