Ï Gahryman Arkadagymyz halkara hukugynyň we BMG-niň Tertipnamasynyň kadalaryna pugta eýermekligini belledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Arkadagymyz halkara hukugynyň we BMG-niň Tertipnamasynyň kadalaryna pugta eýermekligini belledi

view-icon 3783
Gahryman Arkadagymyz halkara hukugynyň we BMG-niň Tertipnamasynyň kadalaryna pugta eýermekligini belledi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasyny (TDG) dünýädäki gapma-garşylyklary aradan aýyrmak, uzakdan görüji we jogapkärli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin, zerur bolan ähli çäreleri görmeldigine çagyrdy. Bu barada Gahryman Arkadagymyz TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilen mejlisinde belledi.

«Türkmenistan häzirki döwrüň halkara gatnaşyklaryna mahsus bolan çemeleşmeleri öňe sürmek bilen, esasy strategik maksady gazanmak üçin döwletleriň tagallalaryny yzygiderli birleşdirmegiň zerurdygyndan ugur alýar. Bu maksatlar çözgütler kabul edilende halkara hukugynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalaryna pugta eýermek esasynda ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek bolup durýar» diýip, Gahryman Arkadagymzy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara we sebit guramalarynyň işjeň ornunyň zerurdygyna ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Ýewraziýanyň birnäçe sebitlerinde emele gelýän syýasy ýagdaý örän oýlanyşykly, anyk we düýpli baha bermegi hem-de degişli çäreleri görmegi talap edýär. 

«Biziň Guramamyz özbaşdak ýagdaýda hem, dünýä bileleşigi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda hem gapma-garşylyklary aradan aýyrmak, uzakdan görüji we jogapkärli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin, zerur bolan ähli çäreleri – görmelidir diýip hasaplaýarys» diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, Türki ýurtlaryň ylalaşylan garaýyşlary dünýädäki syýasy ýagdaýlara netijeli täsirini ýetirmelidir. Deňhukuklylygy, milli özygtyýarlylygy, halklaryň döwlet gurluşynyň nusgasyny saýlap almaga hukugyny ykrar etmelidir.

«Şundan ugur alyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy öňe sürdi. Şeýle resminamanyň kabul edilmeginiň Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletleriniň nähili çylşyrymly bolsa-da, gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly, gepleşikler arkaly çözmäge düýpli we ikuçsuz ygrarlydygyny tassyklajakdygyna ynanýarys» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýratyn üns çekdi.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýip yglan etmek baradaky teklibi öňe sürendigini belledi. 

«Bu Guramanyň Baş Assambleýasynyň häzirki mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň teklibi türki döwletler tarapyndan goldanylsa, minnetdar bolardyk» diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy aýratyn üns çekdi.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň çäklerinde halkara terrorçylygyna, ekstremizme, kiber-biologik jenaýatçylyga garşy netijeli göreşmek örän möhüm wezipe bolup durýar.

 «Bu iş ähli ugurlarda – umumydünýä derejesinde hem, sebit we milli derejelerde hem alnyp barylmalydyr diýip hasap edýäris. Şeýle howplara gabat gelen käbir türki ýurtlar üçin bu wezipäniň ýokary derejede möhümdigine ynanýarys» diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.