Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň halkyna umumymilli ylalaşygy gazanmak üçin şertleri döretmäge çagyrdy. Bu barada Gahryman Arkadagymyz TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilen mejlisinde belledi.
Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sebit howpsuzlygynda owgan meselesi bilelikde iş alyp barmak boýunça hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
«Türki Döwletleriň Guramasynyň käbir agza ýurtlary Owganystana goňşy döwletlerdir. Olaryň bu ýurt bilen aýratyn taryhy baglanyşygy we kanuny bähbitleri bar. Diýmek, olar bu ýurtda bolup geçýän ýagdaýlar üçin belli bir derejede jogapkärçilik hem çekýärler» diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Gahryman Arkadagymyz nygtaýşy ýaly, şoňa görä-de, bu ýurtdaky ýagdaýy düzgünleşdirmäge, gepleşikler, Owganystanyň halkyna ykdysady we ynsanperwer kömegi bermek arkaly umumymilli ylalaşygy gazanmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilen tagallalary güýçlendirmegi dowam etmeli.