mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Hytaý goşmak Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisi» formaty – sebit durnuklylygynyň şerti

view-icon 1963

Golaýda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hünärmenleri we bilermenleri onlaýn görnüşde «Hytaý goşmak Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisi» analitlik merkezleriniň ikinji forumyna gatnaşdylar.

Nobatdaky pikir alyşmalara Merkezi Aziýa sebitiniň we Hytaýyň esasy bilermenleri ýygnandylar. Bu gezek «Hytaý we Merkezi Aziýa: bilelikdäki ösüşe täze ýol» atly möhüm temasy diňe bir sebitiň bilermenleriniň däl, eýsem ýokary wezipeli adamlarynyň we diplomatlarynyň hem ünsüni özüne çekdi.

Hytaýyň daşary işler ministri Wan foruma gatnaşanlara ýüzlenme iberdi. Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Wladimir Norow we Şanhaý Hyzmatdaşlygy Guramasynyň Baş sekretary Çžan Min sebitiň ýurtlarynyň mundan beýläk hem ýakynlaşmagynyň geljegi barada pikirlerini maslahata gatnaşanlara beýan etdiler. Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň we Hytaýyň ilçileri, şol sanda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P.Durdyýew döwletara gatnaşyklarynyň umumy ýagdaýyny, sebitdäki ýagdaýlary we hyzmatdaşlygyň has wajyp meselelerini bellediler.

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory öz çykyşynda «Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň dostlukly hyzmatdaş döwletleriniň biridir. Hytaý we türkmen halklaryny asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan taryhy, ruhy we medeni gatnaşyklar birleşdirýär. Asyrlaryň jümmüşine aralaşýan bu kökler, dostluk gatnaşyklary türkmen-hytaý döwletara hyzmatdaşlygynyň özenini düzýär» diýip belledi.

Erkin pikir alyşmalarda bilermenleriň köpüsi energetikanyň Hytaý goşmak Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugrudygyny nygtadylar. Bu ýöne ýerden däldir. Hytaý ykdysadyýetiniň energetika kuwwatlyklarynyň aglaba böleginiň daşyndan importy talap edýändigi mälimdir. Hytaý öz çalt ösýän ykdysadyýetiniň ygtybarly energetika çeşmeleri bilen üpjün edilmeginde Merkezi Aziýa ýurtlaryna aýratyn ähmiýet berýär.

Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň gurulmagy türkmen we hytaý diplomatiýasynyň uly üstünligidir. Durmuşa geçirilen taslamada müňlerçe ýyllaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny birleşdiren Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri öz beýanyny tapdy. Türkmenistan Hytaýa tebigy mawy ýangyjy durnukly iberip, ählumumy energetika bazarynda özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanatdy.

Sebitiň bilermenleri «Hytaý goşmak Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisi» formatynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemmetaraplaýyn bileleşmeginiň bu özboluşly guramasy dörän döwründen bäri, sebitiň durnukly ösüşiniň möhüm faktory bolupdy we bolmagynda galýar diýip umumy bir pikir aýtdylar.