Ï Keremli topragyň berekedi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Keremli topragyň berekedi

view-icon 3464
Keremli topragyň berekedi
camera-icon
Enejan Altyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hasyl baýramy mynasybetli «Sahy topragyň berekedi» atly sergi geçirildi.

Gadymy ekerançylyk obalarynda geçirilen gazyw-agtaryş işlerinde tapylan owguçlar, sokudaş, oraklar, şeýle hem Marguşdan tapylan hasyllylygyň nyşany zenan heýkeljikleri ýaly arheologik tapyndylar serginiň birinji bölüminde ýerleşdirilipdir.

Geçen asyryň başynda amerikaly alym R. Pompelliniň ýolbaşçylygynda Änewde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde miladydan öňki dördünji müň ýyllyga degişli ak bugdaý däneleri tapylypdy. Şonuň üçin hem türkmen topragy ak bugdaýyň watany hasaplanylýar. Bu ýerde gymmatly eksponat – ak bugdaý däneleriniň gipse siňen sudury bar.

Serginiň ikinji bölümi ХХ asyryň 30-50-nji ýyllarynda Türkmenistanda oba hojalygynyň ösüşine bagyşlanypdyr. Şol ýyllaryň fotosuratlarynda – gowaçaly atyzlar, ýygymçy zenanlar, ilkinji traktor, oba zähmetkeşleriniň durmuşy beýan edilýär.

Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary döwründe oba hojalygynda gazanylan üstünlikleri wasp edýän nakgaşlaryň eserleri, halylar, pagtaly horjunlar, ak bugdaý desseleri, zergärlik kompozisiýalary görkezilýär.

Serginiň maksady ýyldan ýyla her bir öýde bol baýramçylyk desterhanynyň nygmatdan dolup durmagy üçin zähmet çekýän ekerançylara hoşallyk bildirmekdir.

Serginiň açylyş dabarasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary, žurnalistler, alymlar, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalygy ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri çykyş etdiler. Soňra myhmanlar «Sahy topragyň berekedi» sergisiniň eksponatlary we muzeý işgärleriniň gyzykly maglumatlary bilen tanyşdylar.