Ï Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibi tassyklanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibi tassyklanyldy

view-icon 6190

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlary çekmek maksady bilen, şeýle-de “Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibi tassyklanyldy.