Ï «Wah, siz aýallar!» oýnunyň ilkinji görkezilişi we Türkmenistanda Koreý medeniýetiniň günleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Wah, siz aýallar!» oýnunyň ilkinji görkezilişi we Türkmenistanda Koreý medeniýetiniň günleri

view-icon 4752
«Wah, siz aýallar!» oýnunyň ilkinji görkezilişi we Türkmenistanda Koreý medeniýetiniň günleri

Aşgabatda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan Koreý medeniýetiniň günleri dowam edýär.

Koreýa Respublikasynyň Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet we Bilim ministrlikleriniň goldawy bilen taýýarlanan çäreler Koreýada öndürilen filmleriň görkezilişini, milli koreý tagamlarynyň aýratynlyklary bilen tanyşlygy, şeýle hem, adaty koreý «Hanbok» lybasyny geýip görmegi öz içine alýar.

Mundan başga-da, 11-nji noýabrda aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň we Koreýanyň «Gugak» kwartetiniň bilelikdäki konserti geçiriler. 

Ýurdumyzyň teatrlary tomaşaçylary täze oýunlary bilen geň galdyrmaklaryny dowam etdirýärler. Beýik S. Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahnasynda «Wah, siz aýallar!» oýny goýlupdyr https://turkmenistan.gov. tm/ru/post/67621/spektakl-ah-vy-zhenshchiny-gotovitsya-k-premere.

Ýakyn wagtda A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleri tomaşaçylara «Bir ispan gijesi» oýnuny görkezerler.

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda «Hyýalymdaky şazada» atly ertekini sahnalaşdyrmak işlerini tamamladylar.

11-nji noýabr bilen 13-nji noýabr aralygynda Aşgabatda görkeziljek oýunlaryň gysgaça tertibi:

Beýik S. Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry.

12.11.2022. «Wah, siz aýallar!», öňgörme – 19:00;

13.11.2022. «Hindi rowaýaty» – 19:00.

Taňryberdi Hojakgaýewiň «Wah, siz aýallar!» pýesasy esasynda goýlan gülküli oýun iki maşgalanyň gatnaşyklary barada gürrüň berer. Zehinli we özboluşly gahrymanlar hemişe biri-birine garşy durýarlar, ýagdaýyň gülkünçligi-de şunda. Täze oýun aýallar üçinem, erkekler üçinem gyzykly bolar.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry.

11.11.2022. Koreýanyň «Gugak» kwartetiniň konserti – 19:00;

12.11.2022. «Körpe gelin» – 19:00.

«Gugak» – adaty koreý sazy. Häzirki wagtda Koreýa Respublikasynda fýužin stilinde saz çalýan döredijilik toparlarynyň sany köpeldi, bu stilde milli aýdym-saz häzirki zaman stilleri bilen utgaşýar.

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry.

11.11.2022. «Biz hökman duşuşarys» –19:00;

12.11.2022. «Aýbolit lukman» – 12:00;

12.11.2022. «Atsyz ýyldyz» – 19:00;

13.11.2022. «Bremenli sazandalar» – 11:00; 13:00;

13.11.2022. «Arzuwlary hasyl ediji» –19:00.

Mollanepes adyndaky talyplar teatry.

12.11.2022. »Çynymy aýtsam» – 19:00;

13.11.2022. «Gülki agşamy» – 19:00.