Ï Türkmenistanda Koreý medeniýetiniň günleriniň jemleýji güni
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Koreý medeniýetiniň günleriniň jemleýji güni

view-icon 3727
Türkmenistanda Koreý medeniýetiniň günleriniň jemleýji güni
Türkmenistanda Koreý medeniýetiniň günleriniň jemleýji güni
Türkmenistanda Koreý medeniýetiniň günleriniň jemleýji güni
Türkmenistanda Koreý medeniýetiniň günleriniň jemleýji güni
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanda Koreý medeniýetiniň günleri tamamlandy. Ol dostlukly halkyň döwrebap aýdym-sazlary we kinematografiýasy, onuň baý däp-dessurlary bilen tanyşmak çärelerini özünde jemledi.

Aşgabatlylar hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary soňky ýyllarda koreý kinematografiýaçylary tarapyndan döredilen doly göwrümli çeper filmler bilen tanyşdylar.

Döredijilik çäresiniň jemleýji gününde Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda Koreýanyň däp bolan aşhanasynyň ajaýyp naz-nygmatlary bilen tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.

Şeýle-de teatryň eýwanynda däp bolan hanbok lybasynyň toplumy görkezildi, ol koreý medenýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Isleg bildirenlere göwnüne ýaran bu lybaslara geýnip, ýadygärlik surata düşmäge mümkinçilik döredildi. Özüniň köp gatlydygyna garamazdan, bu egin-eşikleri geýmekde hiç bir çylşyrymlylygyň we ýörite ölçeg almak zerurlygynyň ýokdugyny bellemek gerek.

Soňra agşamky çäre Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň hem-de «Gugak» koreý kwartetiniň bilelikdäki konserti bilen dowam etdi.

Türkmenistanda Koreý medeniýetiniň günleriniň çäklerinde geçen ajaýyp çäreler iki halkyň arasyndaky ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň pugtalanmagyna ýardam etdi.