Ï Ýaş «ýyldyzlaryň» aýdym-sazly konserti geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş «ýyldyzlaryň» aýdym-sazly konserti geçirildi

view-icon 4666
Ýaş «ýyldyzlaryň» aýdym-sazly konserti geçirildi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň açylmagynyň 50 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan ýaş «ýyldyzlaryň» aýdym-sazly konserti geçirildi.

Estrada sungaty bölüminiň mugallymy Aýgül Rejebowa nemes kompozitory Robert Şumanyň «Bagyşlanýar» eserini ýerine ýetirdi.

Aýgül çykyşynyň maksatnamasy üçin özüniň iň gowy görýän eserlerini, şol sanda P.I. Çaýkowskiniň «Rus tansyny» we «Şowhunly balyň arasynda» eserlerini-de saýlap alypdyr.

Soňra Leýla Serdarowa skripkada Çary Nurymowyň sonatasynyň üçünji bölümini, Jorj Massneniň «Meditasiýasyny», Bethoweniň 5-nji sonatasynyň birinji bölümini ýerine ýetirdi. Dürli döwürlerde we mekdeplerde döredilen eserler skripkanyň kömegi bilen kompozitoryň dünýägaraýşyny, duýgurlygyny we geljegi kabul edişini açyp görkezýär.

Ramina Gadimi we Lälezar Turjanowa konsertiň konsertmeýsteri boldular.

– Ýaş «ýyldyzlaryň» aýdym-saz festiwaly bize sahnada ýene bir gezek özümizi görkezmäge mümkinçilik berdi, bu bolsa, aýratyn hem, talyplar we ýaş mugallymlar üçin möhümdir – diýip, Aýgül Rejebowa aýdýar – Konserwatoriýanyň ýaş «ýyldyzlarynyň» aýdym-saz konserti   özümizi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bir bölegi ýaly duýmagymyza sebäp boldy.